Ýumak bilen oýnaýan pişijek, zyňan zadyňy yzyna getirýän güjüjek, beren otyňy iýýän owlajyk – örän eýjejik bolýar, şeýle dälmi? Ýabany haýwanlaryň hem adam bilen oýun edesi gelýänleri az däl. Ýer şarynyň iň çetki künjekleriniň biri bolan Awstraliýada we onuň töweregindäki adalarda birnäçe endemiki jandarlar ýaşaýar. Awstraliýanyň Rottnest we Bold adalarynda ýaşaýan kwokka atly haýwan hem iň täsin jandarlaryň biri hasaplanýar. Eger-de siz bu jandar barada eşitmedik bolsaňyz ýa-da ony telewizorda görmedik bolsaňyz, onda dünýädäki iň owadan ýylgyryşy görmänsiňiz! Bu jandar «ýylgyryşy» we täsin hereketleri bilen adamlary şatlandyrýar. Seýrek duşýan haýwanlaryň biri bolan kwokkalar özleriniň gaýtalanmajak ýylgyryşlary bilen dünýäde meşhurdyr. Kwokkalar hem edil kengurular ýaly makropodlar (uly aýaklylar) maşgalasyna degişli. Olaryň ömrüniň dowamlylygy 10 ýyl bolup, bu haýwanlar, esasan, gijesine köp hereketde bolýarlar. Ot bilen iýmitlenýän bu şähdaçyk jandarlaryň ýene bir aýratynlygy olar ne kameradan, ne-de adamlardan gorkýarlar. Hut şonuň üçin hem Rottnest adasyna gelen her bir syýahatçy olar bilen surata düşmezden yzyna dolanmaýar. Kwokkalar surata düşenlerinde kamera göni seredip, adamyň ýüz keşbine öýkünýärler. Şonuň netijesinde surat örän owadan çykýar. Bu ada baryp, kwokka bilen «ýadygärlik» surata düşmän yzyna dolanýan ýok.
Hojamuhammet Hojaýew,
Ahal welaýatynyñ Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy.