Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde şol ýeriň tebigy we geografik aýratynlygyna baglylykda dürli ösümlikler ösýär, jandarlar ýaşaýar. Käbir ösümlikler bolsa, diňe belli bir çäkde ösýär. Diňe belli bir sebitde ösýän ösümlige hem-de ýaşaýan jandara endemiki diýilýär. Şu makalamyzda Ýer ýüzüniň iň seýrek duş gelýän ösümlikleriniň käbiri barada maglumat bermegi makul bildik.
Küýze ösümligi. Filippinleriň Palawan sebitinde belent dag gerişlerinde ösýän bu täsin ösümlik «ýyrtyjy» bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu ösümligiň çanagynda ýiti ysly şepbik bolup, üstüne gonan mör-möjekleri «iýýär». Ösümligiň çanagynyň ululygy 30 sm çemesi bolup, oňa diňe mör-möjekler däl, eýsem, kiçiräk gemrijiler hem düşýär. 2007-nji ýylda bu ösümligiň üsti açylypdyr.
Bir gezek gül açýan palma. Ömrüniň dowamlylygy 50 ýyla barabar bolan palmanyň bu görnüşi (lat. «Tahina spectabilis») Madagaskaryň demirgazyk-günbatarynda ösýär. Äpet agaç ömrüniň dowamynda bir gezek gül açýar. 2005-nji ýylda üsti açylan bu ösümligiň boýy 18 metre ýetýär. Onuň şahalarynyň ýaýrawy 10 metre golaý bolýar. Bu ösümlikden tebigy ýagdaýda bary-ýogy 90 sanysynyň ösüp oturandygy mälim edilýär.
Ýerasty orhideýa. Bu ösümlik diňe ýeriň aşagynda ösýär. Hatda ýeriň aşagynda gül açýar. Maý-iýun aýlarynda sarymtyl-gyzyl reňkli bolup, açylýan gülüniň ýakymly ysy bolýar. Awstraliýanyň günbatarynda gyrymsy agaçlaryň arasynda ösýän bu ösümligiň düzüminde hlorofil ýokdugy sebäpli Günden energiýa alyp bilmeýär. Şol sebäpli gyrymsy agaçlaryň köklerindäki kömeleklerden iýmitlenýär. Bu ösümlikden bary-ýogy 50 sanysynyň bardygy aýdylýar.
Golf topy. Meksikanyň Keretaro daglarynyň gerişlerinde ösýän bu ösümlik (lat. «Mammillaria herrerae») agymtyl reňkli bolandygy üçin oňa golf topy diýlipdir. Kaktusyň bir görnüşi bolan bu ösümligiň ownujak gülgüne gülleri bolansoň, medeni görnüşde hem ösdürilip ýetişdirilýär.
Wenda. Günorta Afrikanyň Limpopo sebitinde ösýän bu ösümlik 1996-njy ýylda aýratyn görnüş hökmünde (lat. «Encephalartos hirsutus») hasaba alyndy. Tüýjümek ösümlikden häzirki wagtda gaty az sanlysynyň bardygy aýdylýar.
Meduza agajy. Latynça ady «Medusagyne oppositifolia» bolan bu agaçlaryň ýitip ýok bolandygy çaklanylýardy. Emma 1970-nji ýyllarda onuň üstünden baryldy. Gabykly miwesiniň içinde meduza meňzeş maňzy bardygy üçin oňa şeýle at berlipdir. Seýşelleriň Mahe adasynda ösýän agaçdan häzirki wagtda 86 düýbüniň bardygy aýdylýar.
Akasiýa anegadensis. Bu tikenli gyrymsy agaç Britaniýanyň Wirgin adalarynda ösýär. Deňziň suwy beýgelende bu ösümlikler suwuň aşagynda galýar. Tebigy ýagdaýda 10 kilometrlik çäkde ýerleşýän gyrymsy agajyň näçe düýbüniň bardygy belli däl. Şeýle hem akasiýanyň bu görnüşi botanika baglarynda hem ösdürilip ýetişdirilýär.
Paporotnik. Kiçijik arça agajyna meňzeýän bu ösümlik Atlantik ummanynyň günortasyndaky wulkan netijesinde emele gelen adada ösýär. 50 ýyllap onuň ýitip gidendigi çaklanylýardy. Emma 2009-njy ýylda botanikler tötänden diýen ýaly bu ösümligiň üstünden bardylar. Kert gaýalarda, gurak we yzygiderli ýel öwüsýän ýerde gögerýän bu ösümlik häzirki wagtda goralyp saklanýar. Onuň kökleri Angliýadaky Botanika bagynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Merjen agajy. Ýaldyrawuk gülli bu ösümlik (lat. «Erythrina schliebenii») Tanzaniýanyň günorta-gündogaryndaky tokaýlarda ösýär. Häzirki wagtda bu tikenli ösümligiň 50 düýbi bar.