Güý­züň ýa­gyş­ly çig­rek gün­le­ri­niň bi­rin­de, Tu­la şä­he­ri­niň ýag­myr su­wu­na ezi­len, ti­gir­le­riň yz­la­ryn­dan ýa­ňa ýü­zü­ne na­gyş çe­ki­le­ne dö­nen, eg­rem-bug­ram ýaý­baň ýol­la­ry­nyň bi­rin­den guý­ruk­la­ry pal­çyk­dan ýa­ňa ga­tap gi­den üç at­ly paý­tun haý­dap bar­ýar­dy. Ol bir bö­le­gi döw­let poç­ta men­zi­li, beý­le­ki bir bö­le­gi dynç al­mak hem-de gar­ban­mak üçin diý­seň amat­ly bo­lan hu­su­sy go­nal­ga­da, uzyn agaç ja­ýyň öňün­de ha­ýal­la­dy. Paý­tu­nyň sü­rü­ji­si bi­li pug­ta gu­şa­lan ma­wut­dan ti­ki­len ga­lyň ge­ýim­li, ag­ras­dan ga­ra­ýa­gyz ýüz­li, ga­dy­my gal­ta­man­la­ryň­ka ça­lym­daş sel­çeň şar ga­ra sa­kgal­ly da­ýaw py­ýa­dady, onuň ýo­lag­çy­sy bolsa ba­şy ga­ra pa­pak­ly, eg­ni sa­myr de­ri­sin­den ti­ki­len dik ýa­ka­ly, ni­ko­la­ýew bi­çüw­li çal ýa­pyn­ja­ly, ýa­şy bir çe­ne bar­sa-da sy­ra­ty ýe­rin­de bolan har­by gul­luk­çy­dy. Onuň gür ga­ra ga­şy, sa­kgal­sa­py bi­len bir­leş­ýän ak mur­ty bar­dy, sy­ry­lan eňe­gi taý­py ýa­ly­dy, tu­tuş dur­ky Alek­sandr II ça­lym ed­ýär­di. Bu sy­pat Alek­sand­ryň pa­ty­şa­lyk eden döw­rün­de har­by­la­ryň ara­syn­da ýoň­dy, onuň içiň­den ge­çip gel­ýän ga­raý­şy hem so­rag­ly­, ag­ras, şol bir wagt­da-da ýa­daw­dy.
At­lar aýak çe­ken­soň, ol paý­tun­dan il­ki bi­len uzyn gonç­ly har­by ädik­li aýa­gy­ny çy­kar­dy, soň­ra-da ga­ýyş el­lik­li eli bi­len ýa­pyn­ja­sy­nyň sy­ýyn­dan tu­tup özi çyk­dy. Ol ça­la­syn ädim­ler bi­len agaç ja­ýyň bas­gan­ça­gyn­dan yl­gap ýo­ka­ryk gal­dy.
– Si­ziň aly­je­na­by­ňyz, çep ta­rap­da – di­ýip, paý­tun­çy otu­ran ýe­rin­den zor­ruk se­si bi­len gy­gy­ran­soň, uzyn boý­ly o ki­şi ga­py­nyň ag­zyn­dan sä­hel­çe eg­lip, daş­ky ota­ga, soň­ra çe­pe öw­rü­lip, go­nal­ga­nyň işi­gin­den ät­le­di.
Ja­ýyň içi gor ýa­ly ýy­ly­dy, aras­sa, he­mem pä­ki­ze­di. Çep burç­da üs­ti aras­sa ma­ta bi­len ör­tü­len stol, sto­luň ba­şyn­da bol­sa, tä­miz otur­gyç­lar go­ý­lan­dy. Sag künjekde ýer­le­şen peç tä­ze­lik­de hek bi­len agar­dy­lan­dy, pe­jiň gap­da­lyn­da bol­sa, üs­tü­ne ala ba­sy­ryk aty­lan ar­ka­syz di­wa­na ça­lym­daş bir zat dur­dy. Pe­jiň ýa­py­sy­nyň aňyr­syn­dan ke­lem­li, sy­gyr et­li we lawr ýap­rak­ly na­ha­ryň iş­dä­ňi oýar­ýan dat­ly ysy gel­ýär­di.
Myh­man ýa­pyn­ja­sy­ny çy­ka­ryp, ony otur­gy­jyň üstüne taş­la­dy we­lin ol mun­dir­de we ädik­de has-da sy­rat­ly gö­rün­di. Soň­ra ol el­li­gi­ni­dir, pa­pa­gy­ny çy­kar­dy hem-de ar­gyn hal­da ga­ny ga­çan hor eli bi­len ba­şy­ny sy­pa­­dy. Onuň çek­ge­si­ne goý­be­ri­lip da­ra­lan çal saç­la­ry gö­zü­niň gy­ta­gy­na ta­rap ça­la­ja buý­ra­la­nyp gid­ýär­di. Ga­ra göz­li, gel­şik­li süýn­mek ýü­zü­niň kä­ýe­rin­de ow­nuk ma­ma yz­la­ry­ny gör­mek bol­ýar­dy. Jaý­da hiç kim ýok­dy, ol bu ýag­da­ýa nä­gi­le şe­kil­de daş­ky ja­ýa açyl­ýan ga­py­ny ça­la­ja itek­le­di-de:
– Adam bar­my? – di­ýip gy­gyr­dy.
Ara wagt sal­man ja­ýa ga­ra saç­ly, ga­ra gaş­ly, he­niz gör­me­geý­li­gi­ni ýi­tir­me­dik ze­nan gir­di. Göw­re­si dol­muş bol­sa-da, ýe­ňil gop­ýan, üç­burç açy­lan ýa­ka­ly gy­zyl köý­nek­li bu ze­nan sy­ga­na ça­lym ed­ýär­di. Ol:
– Hoş gel­di­ňiz, si­ziň aly­je­na­by­ňyz! Bir zat­lar gar­ban­mak is­le­ýä­ňiz­mi ýa-da çaý iç­jek­mi? – diý­di.
Myh­man onuň giň çi­gin­le­ri­ne, kö­ne­li­şen gyr­my­zy ta­tar kö­wüş­li ýe­ňil aýak­la­ry­na ça­la­ja göz aý­la­dy-da, söz­le­ri­niň ara­sy­ny bö­lüp-bö­lüp, per­waý­syz jo­gap ber­di:
– Çaý. Siz ho­ja­ýyn­my ýa-da hyz­mat­çy?
– Men ho­ja­ýyn, si­ziň aly­je­na­by­ňyz.
– Diý­mek, eýe­si özü­ňiz-dä?
– Hut şeý­le.
– O nä­hi­li beý­le bol­ýar? Iş­le­ri özü­ňiz ýö­red­ýän bol­sa­ňyz, on­da siz dul-ha­tyn­sy­ňyz­da!
– Dul däl, si­ziň alyje­na­by­ňyz, bi­zem bir zat edip gü­nümizi aý­la­ma­ly ahy­ryn. Ga­ly­ber­se-de, ho­ja­ly­gy do­lan­dyr­ma­gam go­wy gör­ýän.
– Dog­ry, dog­ry. Örän oňat. Içe­ri­ňem aras­sa, hem ýa­kym­ly eken.
Ze­nan göz­le­ri­ni süz­gek­le­dip, oňa bir­syh­ly se­ret­di-de:
– Aras­sa­çy­ly­gam go­wy gör­ýän – di­ýip, sö­zü­ni do­wam et­di. – Ba­ýar­la­ryň ara­syn­da ula­ly­bam, içe­ri­ni tä­miz sak­la­ma­gy oňar­ma­saň bol­maz ahy­ryn, Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç!
Er­kek ki­şi bir­den gö­nel­di-de, göz­le­ri­ni te­ge­läp boz-ýaz bol­dy:
– Na­dež­da, bu sen­mi? – di­ýip, gys­san­maç ýüz­len­di.
Ze­nan:
– Ha­wa, men, Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç! – di­ýip, ol pa­ra­hat jo­gap ber­di.
Myh­man otur­gy­ja çö­küp, oňa di­kan­lap se­ret­di-de:
– Eý, Taň­rym! Eý, Taň­rym, ki­miň kel­le­si­ne beý­le zat­lar ge­ler diý­se­ne?! Gö­rüş­mä­ni­mi­ze nä­çe ýyl da­gy bol­dy? Otuz bäş ýyl-a bo­lan­dyr? – diý­di.
– Otuz ýyl, Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç! Men hä­zir kyrk se­kiz ýa­şym­da, si­zem alt­my­şyň bä­ri ýa­nyn­da bol­ma­ly.
– Şeý diý­se­ne… Eý, Taň­rym, bu nä­hi­li geň!
– Nä­me geň, je­nap?
– Hem­me zat, hem­me zat… Sen ne­neň mu­ňa dü­şün­me­ýäň!
Onuň ar­gyn­ly­gy, al­jy­raň­ňy­ly­gy bir ýer­le­re zym-zy­ýat bol­dy. Ol ýü­zü­ni ýer­den gal­dyr­man ör tur­dy-da, do­gum­ly ädim­ler bi­len ota­gyň için­de iki­ba­ka gez­me­läp baş­la­dy. Soň­ra aýak çe­kip, ça­la­ran saç­la­ry­nyň ara­syn­da gy­za­ryp du­ran ýü­zü­ni gal­dyr­dy-da:
– Şon­dan bä­ri sen ba­ra­da hiç zat bi­le­mok­dym. Sen bu ýe­re nä­dip düş­düň? Nä­me üçin ho­ja­ýyn­la­ryň­ky­da gal­ma­dyň? – diý­di.
– Ho­ja­ýyn­lar ma­ňa er­kin­lik ha­ty­ny gow­şur­dy­lar.
– Soň ni­re­de ýa­şa­dyň?
– Bu uzyn he­ka­ýat, je­nap.
– Dur­mu­şa-da çyk­ma­dym diý­diň­mi?
– Ýok, çyk­ma­dym.
– Nä­me üçin, sen şeý­le owa­dan­dyň ahy­ryn?
– Ba­şar­ma­dym.
– Nä­me üçin? Sen bir zat­lar aýt­ja­ga bol­ýaň?
– Bu ýer­de dü­şün­mez ýa­ly zat ýok. Me­niň si­zi nä­hi­li sö­ýen­li­gim me­ge­rem, ýa­dy­ňyz­da bol­sa ge­rek.
Onuň ýü­zi gaý­ta­dan lap-lap gy­za­ryp, göz­le­ri ýa­şa­ryp git­di, ga­şy­ny çy­typ, ýe­ne-de gez­me­läp ug­ra­dy.
– Äh­li zat geç­ýär, ga­dyr­da­nym – di­ýip, sa­myr­da­dy. Söý­gem, ýaş­ly­gam – äh­li zat, äh­li zat geç­ýär. Bu her ki­miň ba­şyn­dan ge­çip bil­jek bol­gu­syz, ada­ty wa­ka. Ýyl­lar bi­len hem­me zat ge­çip gid­ýär. Io­wyň ki­ta­byn­da bu ba­ra­da nä­me­ler aý­dy­lyp­dy? «Akyp ge­çen suw dek ýat­lar­syň».
– Hu­daý her ki­me her­ki za­dy her tüýs­li ber­ýär, Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç! Ýaş­lyk her kes­den geç­ýär, ýö­ne söý­gi baş­ga me­se­le.
Ol ba­şy­ny gal­dy­ryp, aýak çek­di-de, ajy ýyl­gyr­dy:
– Sen me­ni şun­ça wagt­lap sö­ýen däl­siň-ä!
– Diý­mek, sö­ýen eke­nim. Nä­çe wagt geç­se-de, di­ňe ýe­ke-täk duý­gy bi­len ýa­şa­dym. Si­ziň bi­reý­ýäm­den bä­ri öň­ki adam däl­di­gi­ňi­zem, si­ziň üçin ha­ma­la, hiç zat bol­ma­dyk ýa­ly­dy­gy­nam bil­ýär­dim. Ýö­ne in­di giç, si­ziň ma­ňa ga­ty bi­re­him da­ran­ly­gy­ňyz we­lin ha­ky­kat. Şol dö­wür­ler Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç, men si­ze «Ni­ko­len­ko» diý­ýär­dim, si­ziň me­ni nä­hi­li at­lan­dy­ra­ny­ňyz ýa­dy­ňy­za düş­ýär­mi? Si­ziň ma­ňa ga­raň­ky se­ýil ýo­da­lar ba­ra­da her hili goş­gu­lar oka­mak gy­ly­gy­ňy­zam bar­dy – di­ýip, ze­nan yz­gyt­syz ýyl­gyr­dy.
Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç ba­şy­ny ýaý­kap:
– Wah, sen nä­hi­li gel­şik­li, ni­çik­si mäh­rem, ne­neň­si üýt­ge­şik­diň! Nä­hi­li kad­dy-ka­ma­tyň, nä­hi­li göz­le­riň bar­dy. Sa­ňa hem­me­le­r aň­ka­ryp se­red­ýär­di­ler, ýa­dy­ňa düş­ýär­mi? – diý­di.
– Ýa­dym­da, je­nap! Si­zem bi­jaý gel­şik­li­di­ňiz. Men öz gö­zel­li­gi­mi, ys­sy mäh­ri­mi sa­ňa ba­gyş edip­dim ahy­ryn. Eý­sem, bu­la­ry unut­mak müm­kin­mi?
– Ba­ry geç­ýär. Ba­ry unu­dyl­ýar.
– Geç­se geç­ýän­dir, ýö­ne unu­dyl­ýan däl­dir.
– Git – di­ýip, ol beý­le­si­ne öw­rül­di-de, pen­ji­rä­niň öňü­ne bar­dy: – Git, ha­ýyş ed­ýän – diý­di.
Ol el­ýag­ly­gy­ny çy­ka­ryp, ýü­zü­ni-gö­zü­ni sü­pü­ren­soň, çalt-çalt gep­läp, sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di:
– Me­ni Taň­ry ba­gyş­la­sa bol­ýar. Sen me­ni me­ge­rem, ba­gyş­lan bol­saň ge­rek.
Ze­nan ga­py­nyň go­la­ýy­na ba­ryp, aýak çek­di:
– Ýok, Ni­ko­laý Alek­se­ýe­wiç, ba­gyş­la­ma­dym. Eger-de gür­rü­ňi­miz duý­gu­la­ry­my­za di­re­ýän bol­sa, gö­ni aý­da­ýyn, men si­zi hiç ha­ça­nam ba­gyş­lap bil­me­dim. Çün­ki şol dö­wür­ler­de ma­ňa dün­ýä­de siz­den öz­ge gym­mat­ly ki­şi ýok­dy, so­ňam bol­ma­dy. Şol se­bäp­lem ma­ňa si­zi ba­gyş­la­mak bo­la­nok. Ýe­ri, in­di nä­mä­ni ýat­la­jak diý­se­ne!
Myh­man pen­ji­rä­niň öňün­den aý­ry­lyp, in­di has ag­ras keş­be gir­di-de:
– Ha­wa, ha­wa, ýat­la­ma­la­ra be­ril­me­giň ge­re­gi ýok, at­la­ry ge­tir­me­gi bu­ýur – diý­di. – Ýö­ne sa­ňa bir za­dy aý­da­ýyn. Men dur­muş­da hiç ha­ça­n bagt­ly bol­ma­dym, ba­gyş­la, müm­kin se­niň göw­nü­ňe deg­ýän­di­rin, ýö­ne dog­ru­sy­ny aý­da­ýyn, aýa­ly­my nä­çe söý­sem-de onuň bi­len yk­ba­lym deň gel­me­di. Og­lu­ma hem özüm ter­bi­ýe be­rip bil­me­dim… Ýö­ne we­lin, bu­la­ryň ba­ry, ada­ty, bi­hu­da geç­miş. Hoş gal, ja­ny­ňyz sag bol­sun, ezi­zim! Me­nem dur­mu­şym­da iň gym­mat­ly za­dy se­niň bi­len ýi­ti­ren bol­ma­ly.
Ze­nan onuň elin­den öp­di, olam şol mäh­rem­li­gi gaý­tar­dy.
– Paý­tu­ny ge­tir­me­gi bu­ýur…
Ýo­la dü­şen­den soň, ýü­zü­ni çy­typ otu­r­şy­na öz ýanyndan: «Ha­ky­kat­dan-da, örän owa­dan­dy! Gö­zel­li­gi ýe­sir ed­ýär­di» diýdi. Özü­niň soň­ky söz­le­ri­ni ýat­lap gy­zar­dy. «Onuň ma­ňa dur­mu­şyň iň oňat pur­sat­la­ry­ny ba­gyş­la­ny ýa­lan­my eý­sem?!»
Ýa­şyp bar­ýan Gü­nüň öçüg­si su­du­ry gö­rün­di.
Paý­tun­çy abad­rak ýol­la­ry saý­lap, at­la­ry ýor­ga­la­dyp bar­şy­na nä­me­dir bir zat­lar hak­da pi­kir ed­ýär­di. Ahy­ry ol zoň­tar se­si bi­len şeý­le diý­di:
– Si­ziň aly­je­na­by­ňyz, biz ug­ran ba­dy­my­za, ol pen­ji­re­den şol se­ret­di dur­dy. Siz ony köp­den bä­ri ta­na­ýan bol­ma­ly?
– Bir­wagt­lar ta­na­ýar­dym, Klim.
– Bu ha­tyn aky­lyň öý­jü­gi­mi­şin. Hem­me­ler onuň bar­ha gurp­lan­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Gö­te­ri­mi­ne pul ber­ýär­miş.
– Bu hiç za­dy aň­lat­ma­ýar.
– O nä­hi­li aň­lat­ma­ýar! Kim go­wy ýa­şa­mak is­le­me­ýär! Her iş­de yn­sap­ly bol­saň ze­lel ýa­naş­maz. Wag­tyn­da gaý­tar­ma­dyň­my özüň­den gör.
– Ha­wa, ha­wa, özüň­den gör… Bir­den-de ot­la gi­jä ga­laý­ma­ly, ga­ty­rak gys­sa­sa­na…
Ýa­şyp bar­ýan Gün al­tyn­sow şug­la­sy­ny ym­gyr meý­da­na se­çe­le­ýär­di, at­lar bol­sa, bat­ga­lyk ýo­da­dan des-deň şa­byr­dyk­la­şyp bar­ýar­dy­lar. Ol ga­ra gaş­la­ry­ny çy­typ, ça­la gö­ze ilip gid­ýän nal­la­ra ga­rap, oýa bat­dy:
«Ha­wa, özüň­den gör. Gür­rüň­siz, iň go­wy pur­sat­lar­dy. Di­ňe bir go­wy däl, eý­sem, ha­ky­kat­dan-da, ýe­sir ed­ýän ja­dy­ly pur­sat­lar­dy. «Deg­re da­şym­da al-el­wan bä­gül­ler gül aç­ýar­dy, gam­gyn da­ragt­la­r bol­sa, yraň at­ýar­dy…» Em­ma, eý, Taň­rym, soň­ra nä­me bo­lup bi­ler­di­kä? Eger-de ony taş­la­ma­dyk bo­lan­ly­gym­da nä­me­ler bo­lar­dy? Aky­la syg­ma­jak zat. Hut şol Na­dež­da, go­nal­ga­nyň ho­ja­ýy­ny däl-de, Pe­ter­burg­da­ky öýü­miň bi­ke­si, me­niň aýa­lym, ça­ga­la­ry­myň eje­si bo­lar­dy­my?».
Ol göz­le­ri­ni ýum­dy-da, ah­myr bi­len ba­şy­ny ýaý­ka­dy.

Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
«Zaman-Türkmenistan».