Şu ýyl Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi bolan ilkinji rus ýazyjysy Iwan Buniniň doglan gününe 150 ýyl dolýar. Ýylyň dowamynda tanymal ýazyjynyň ýubileýine bagyşlanyp, 100-den gowrak çäre geçirmek meýilleşdirildi. Ilki bilen, Buniniň durmuşy bilen baglanyşykly Orýol, Lipesk, Woronež sebitlerinde sergi taslamalary ýaýbaňlandyryldy. Sentýabr aýynda Woronežde Buniniň muzeýi açylar hem-de «I. A. Bunin: XXI asyrdan bakyş» atly tegelek stol, şeýle hem, festiwallar we bäsleşikler guralar. Lipesk sebitinde «Buninskiýe Ozerki» festiwalyna taýýarlyk görülýär. Ýazyjynyň ýubileýi Russiýadan başga, ABŞ, Fransiýa we Müsür ýaly ýurtlarda hem belleniler. Oktýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda «Iwan Bunin dünýäniň medeni giňişliginde» atly maslahat geçiriler. 22-nji oktýabrda Moskwanyň Çehow adyndaky sungat teatrynda ýazyjynyň doglan gününe bagyşlanan edebi we çeper agşam guralar.
Iwan Bunin 1870-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Woronežde dünýä inýär, onuň çagalyk ýyllary Orlow guberniýasynyň Butyrki obasynda geçýär. 1883-nji ýylda ýazyjynyň durmuşynda ýeňil bolmadyk döwür başlanýar. Ýazyjy 1920-nji ýylda Fransiýa göçüp gidýär. 1933-nji ýylda Şwed Akademiýasy ony «Rus nusgawy şygryýetini ösdürmekde asylly hyzmatlary üçin» Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglaýar. «Guşuň kölegesi», «Doganlar», «Soňky güýz», «Mugallym», «San-Fransiskoly jenap», «Näletli günler» ýaly eserleri bilen uly abraýa eýe bolan Buniniň eserleri giň okyjylar köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bunin 1953-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Parižde aradan çykýar.