Ýewropanyň iki uly kluby «Barselona» bilen «Ýuwentus» oýunçy alyş-çalşygyny geçirdi. «Barselona» topary 23 ýaşly ýarymgoragçysy Artur Melony «Ýuwentusa» berdi. Italýan toparynyň 30 ýaşly ýarymgoragçysy Miralem Pýaniç bolsa, «Barselona» toparynyň hataryna goşuldy. «Ýuwentus» braziliýaly oýunçy bilen 5 ýyllyk, «Barselona» bolsa bosniýaly futbolçy bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Barselona» topary Pýaniç üçin «Ýuwentusa» 60+5 million ýewro tölese, «Ýuwentus» Artur üçin «Barselona» toparyna 72+10 million ýewro berer. Oýunçylaryň ikisi-de möwsümiň ahyrynda täze toparlarynyň düzümine goşularlar.