Germaniýada 2038-nji ýyla çenli kömür ulanmakdan düýbünden ýüz öwürmek barada kanun kabul edildi. Resminama mejlis we federal ştatlaryň wekilleri tarapyndan tassyklandy. Kömür känleriniň ýapylýan sebitleri 40 milliard ýewro möçberinde maliýe kömegini alar.
Germaniýanyň ykdysadyýet we energetika ministri Piter Altmaýer bu barada eden çykyşynda kömürden ýüz öwürmek babatda kabul edilen kanunyň “nesilleriň taryhy taslamasy” diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, kömür senagaty kem-kemden döwrüni tamamlaýar.
– Şeýlelikde, daşky gurşawy goramak taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýarys. Ýurtdaky daş kömri bilen işleýän elektrik beketleri howa zyňylýan hapa gazlaryň üçden birini eýeleýär – diýip, ministr belledi.
Mundan başga-da, Germaniýa ýadro energiýasyndan hem ýüz öwürýär. 2022-nji ýyla çenli ýurtda galan atom elektrik stansiýalary ýapylar.
Fraunhofer ylmy-barlag guramasynyň maglumatlaryna görä, Germaniýada sarp edilýän energiýanyň 55,7 göterimi ýel, Gün, biomassa we gidro ýaly täzelenip bilinýän çeşmelerden üpjün edilýär. Galan böleginiň takmynan 20 göterimi kömürden, 12 göterimi tebigy gazdan we 12 göterimi beýleki energiýa çeşmelerinden ybarat.