Adamlar gadymy döwürlerden bäri balaryçylyga uly üns beripdirler. Çünki bal azyk önümi hökmünde, hem-de lukmançylykda giňden peýdalanylypdyr. Şeýle-de balary oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, balarylary gülden-güle gonmaklaryny bes etseler, Ýer ýüzündäki azyk önümleri bary-ýogy dört ýylda gutaraýmaly. Ýagny balarylary bal ýygnaýarkalar, miwedir gök önümleriň hasyl bermeklerine sebäp bolýarlar. Bal balarynyň ösümlikleriň gül we beýleki ösümlik şirelerini ýygnap, gaýtadan işläp emele getirýän önümidir. Balyň reňki, tagamy we hoşboý ysy onuň haýsy ösümligiň gülünden ýygnalandygyny bilmäge ýardam edýär. Balyň hili onuň haýsy ösümlikden alnandygyna baglylykda üýtgeýär. Balarylar şireden bal taýýarlanlarynda ony fermentler we beýleki maddalar bilen baýlaşdyrýarlar. Balyň düzümine belli bir derejede ösümlikleriň gül tozgajyklary hem garyşýar. Bular balyň çylşyrymly düzüminiň bolmagyna, iýmitlik gymmatynyň has ýokarlanmagyna getirýär.
Emma arylar diňe bal ýygnamaýarlar. Olaryň baly ýygnalandan soňra, öýjüklerinden dürli hili gymmatly önümler alynýar. Ary önümleri diňe azyklyk maksady bilen däl-de, başga maksatlar üçin hem giňden peýdalanylýar.
Arynyň birnäçe güle gonup, ýygnaýan esasy önümine bal diýilýär. Balarylary güllerden toplan nektaryny bala öwürýärler. Ýygnalýan möwsümine we ösümligiň görnüşine görä, balyň hili üýtgeýär. Bu jandarlar nektary ýygnap, öýjükleriň gözeneklerine äkidýärler. Olar dolandan soňra daşy mum bilen gaplanýar. Bal öýjüklerden süzülip alnandan soňra iýmitlik hökmünde taýýar bolýar. Balyň çyglylygy özüne çekýän häsiýeti bar. Onuň düzümindäki suwuň mukdary belli bir derejeden köp bolsa, hili peselýär. Balyň hilini reňki, dykyzlygy, ysy we tagamy arkaly anyklap bolýar.
Tozgajyk: tohumly ösümlikleriň güllerinde bolýan tozgajyklary balyň esasy çig maly hasaplanýar. Arylar gözeneklerdäki çagalaryny iýmitlendirmek üçin tozgajyk ýygnaýarlar. Adatça, arylar tozgajyklary öýjügiň gyralaryndaky gözeneklerde saklaýar. Ol proteine diýseň baý bolýar. Ony adamlar käbir keselleriň öňüni almak maksady bilen peýdalanýarlar.
Ol balyň düzüminde hem bolýar. Baldaky tozgajygyň şekili, ululygy, reňki arkaly onuň haýsy ösümlige degişlidigini anyklap bolýar.
Mum: 12-18 günlük işçi arylar öndürýär. Arylar öz öýjüklerini gurmak üçin mum öndürýärler. Bilýän bolsaňyz, arylaryň öýjükleri altyburç gözeneklerden ybarat bolýar. Gözenekleriň çuňlugy 10-12 mm, diametri 5,37 mm bolýar. Erkek arylaryňky 6,9 mm bolýar. Mum irki döwürlerden bäri dürli maksatlar bilen peýdalanylýar. Arylaryň öýjüklerini eretmek arkaly mum alynýar.
Ary ýelimi: Bu önüm agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň gunçalaryndan we gabyklaryndan alynýar. Onuň reňki haýsy agaçdan alynýandygyna baglylykda üýtgeýär. Onuň düzüminde 50 göterim şepbik, 30 göterim mum, 10 göterim ýag bolýar. Galan bölegi proteinden, minerallardan we witaminlerden emele gelýär. Ary ýelimi öýjügiň içinde haýsydyr bir jaýrygy berkitmek üçin ulanylýar. Örän ýelmeşek bolan bu maddanyň kömelegi, wirusy we bakteriýany öldüriji häsiýeti bar. Şol sebäpli bu ýelim dürli keselleri bejermekde ulanylýar.
Ary süýdi: 3-10 günlük arylar öndürýär. Ol çagalar we ene ary üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Ähli liçinkalara ilkinji günlerde ary süýdi berilýär. Dördünji günden başlap, olara goşmaça tozgajyk we bal hem berilýär. Arynyň liçinkalaryna olaryň öýjükleri ýapylýança 9 günläp ary süýdi berilýär. Şeýle hem ene ary hemişe ary süýdi bilen iýmitlenýär. Bu önüm birnäçe keselleriň öňüni almakda giňden peýdalanylýar.
Ary zäheri: 14 günlük bolanyndan soňra arylaryň bedenlerinde emele gelip başlaýar. Her aryda 0,3 mg zäher bolýar. Ary haýsydyr bir jandary çakanynda bu zäheri bölüp çykarýar. Onuň özboluşly ysy beýleki arylary hem howpuň abanýan tarapyna çagyrýar.
Bu madda derman senagatynda we beýleki pudaklarda giňden ulanylýar.