Deňiz kenaryna barlanda kenara yzygiderli urup duran tolkunlary görmek bolýar. Eýsem, bu tolkunlar deňziň ortasyndaky suwy kenara çykarýarmyka?

Suwda çümmeýän ýagny suwdan ýeňil bolan islendik zat deňze gaçanynda, ol tolkunlaryň güýji bilen kenara urýar. Köplenç has uzak ýerden suwa taşlanan çüýşäniň birnäçe aýdan, hatda birnäçe ýyldan başga bir kenarda tapylandygy barada habarlara duş gelinýär. Aslynda, deňizde köplenç tolkun emele gelýän hem bolsa, tolkunlar deňziň ortasyndaky suwy gyra çykarmaýar. Ýagny suwuň ortasyndaky suw bilen kenara ýakyn ýerdäki suw aýlanmaýar. Her bir tolkunyň suwy şemalyň güýji bilen duran ýerinde aýlanýar. Şeýle-de bolsa, tolkunlar üstündäki zady kenara itekleýär.

Begendik Babaýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.