Adam­lar gül­le­re se­re­de­nin­de gan ba­sy­şy­nyň de­re­je­si 3,4% pe­sel­ýär. Şeý­le hem, ru­hy çök­gün­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ýan gor­mo­nyň de­re­je­si 21% azal­ýar. Bu ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Oba ho­ja­ly­gy we azyk önüm­le­ri bo­ýun­ça yl­my-bar­lag mil­li gu­ra­ma­sy­nyň uly yl­my iş­gä­ri Hi­ro­ko Mo­ti­zu­ki ha­bar ber­ýär.
Adam­lar gü­le se­re­den wag­ty beý­ni­niň iki bö­le­gi – ki­çi beý­ni we gip­po­kamp az he­re­ket edip baş­la­ýar. Beý­ni­niň bu bö­lek­le­ri adam­lar­da duý­gu­la­ryň dö­re­me­gi­ne gat­naş­ýan bö­lek­ler­dir. Beý­ni­niň şu bö­lek­le­rin­de eme­le gel­ýän az he­re­ket­li­lik adam­lar­da ru­hy çök­gün­lik hem-de ga­har­jaň­lyk ýa­ly duý­gu­la­ryň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Gip­po­kam­pyň iş­jeň­li­gi pe­se­len­de bol­sa adam­lar­da ýa­kym­syz ýat­la­ma­lar dö­re­ýär.
Şeý­le dö­wür­de ýa­pon alym­la­ry gül­le­re se­ret­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Gül­ler ada­ma er­bet ýat­la­ma­la­ry ýat­dan çy­kar­ma­ga we ýa­kym­syz duý­gu­lar­dan dyn­ma­ga kö­mek edip bi­ler. Bu ugur­da de­giş­li bar­lag­lar hem ge­çi­ri­lip­dir. Ýa­pon alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­la­gyn­da oňa gat­na­şy­jy­lar 20 mi­nut­lap dür­li su­rat­la­ra, ýag­ny çe­ki­len gül­le­riň su­ra­ty­na se­re­dip­dir­ler.
– Ru­hy çök­gün­li­gi azalt­mak we keý­pi­ňi­zi go­wu­lan­dyr­mak üçin gül­le­re seretmegi ýa-da çe­ki­len gül su­rat­la­ry­ny syn­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýä­rin – di­ýip, Mo­ti­zu­ki gür­rüň ber­ýär.
Ýagşygül SARYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.