Hy­ta­ýyň elekt­ron söw­da kom­pa­ni­ýa­sy «Ali­ba­ba» özü­niň on­laýn dü­ka­nyn­dan ba­ha­sy 930 dol­la­ra deň bo­lan dün­ýä­de iň ar­zan elekt­ro­mo­bi­li­ni sa­tyn al­ma­gy tek­lip ed­ýär. Dört ti­gir­li, gur­şun kis­lo­ta­ly ba­ta­re­ýa­ly, gö­te­ri­ji­lik uky­by 300 ki­log­ra­ma we 1 ýyl ke­pil­lik­li elekt­rik ula­gy­nyň ady «Chang­li Ne­meca» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Aw­tou­lag ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar­da dün­ýä­dä­ki iň ar­zan elekt­rik aw­tou­la­gy­nyň ag­ra­my­nyň 323 ki­log­ra­ma deň­di­gi, üç kuw­wat­lyk­da­ky gör­nü­şi­niň – 800, 1000 we 1200 watt (1-1,6 at güý­ji) elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Bu aw­tou­la­gyň ba­ta­re­ýa­sy uly däl, ýö­ne bir zar­ýad­da, ýü­küň ag­ra­my­na we sür­me­giň tiz­li­gi­ne bag­ly­lyk­da, 40-dan 100 ki­lo­met­re çen­li sü­rüp bol­ýar. Şon­dan soň dört ti­gir­li aw­tou­la­gy 6-8 sa­gat­lap tä­ze­den zar­ýa­da goý­ma­ly. Önü­miň be­ýa­nyn­da zar­ýad ber­me­giň 7-10 sa­gat do­wam edip bil­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Aw­tou­la­gyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 30-35 ki­lo­met­re deň­dir.