Germaniýada 2038-nji ýyla çenli kömür ulanmakdan doly ýüz öwürmek maksady bilen kanun kabul edildi. Resminama parlament we federal ştatlaryň wekilleri tarapyndan tassyklandy. Kömür gazyp alýan kärhanalar ýapylýandygy üçin 40 milliard ýewro möçberinde maliýe kömegini alarlar. Hapa gazlaryň howa zyňylmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän bu çäreler Germaniýanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin zerurdyr. Şeýlelikde, Germaniýada howa zyňylýan hapa gazlar bilen göreşýän hünärmenler öňegidişlk gazanýarlar.
Germaniýanyň Ykdysadyýet we energiýa ministri Peter Altmaýer kömürden ýüz öwrülmegini nesilleriň taryhy taslamasy diýip atlandyrdy.
– Ýurtdaky kömür senagaty döwri dolulygyna tamamlanýar. Şeýlelikde, biz daşky gurşawy goramak boýunça taslamalaryň üstünlikli bolmagynda hem öz goşandymyzy goşýarys. Ýurdumyzda goňur we daş kömür bilen işleýän elektrik beketleri atmosfera zyňylýan kömürturşy gazynyň üçden bir bölegini eýeleýär – diýip, Peter Altmaýer aýtdy.
Ýaşyllar we Çep partiýasynyň wekilleriniň pikiriçe, Germaniýanyň 2030-njy ýyla çenli hem kömürden ýüz öwürmäge mümkinçiligi bar. Germaniýa ýadro energiýasyndan hem ýüz öwürýär – 2022-nji ýyla çenli ýurtdaky atom elektrik beketleriniň doly ýapyljakdygy habar berilýär.
Häzirki wagtda Germaniýada elektrik energiýasyny öndürýän ýylylyk elektrik beketleriniň 60%-inde ýangyç hökmünde kömür ulanylýar. Hökümet 2026-njy we 2029-njy ýyllarda bu mowzugy ara alyp maslahatlaşmaga ýene-de gaýdyp gelip, beketleri ýapmak mümkinçiligini bellenilen möhletinden üç ýyl yza süýşürmegi meýilleşdirýär.
Şeýlelikde, indi döwür üýtgeýär: XXI asyrda Germaniýada täzelenýän energiýa çeşmelerine bil baglanýar. Hut şunuň alamaty hökmünde hem geçen ýyl ýurduň şahtaçylary iň soňky işleýän şahtany ýapyp, iň soňky goparylan kömür bölegini GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere gowşurypdylar. Şonda Germaniýanyň Prezidenti ýurtda kömrüň gazylyp alynmagynyň tutuş döwrüniň paýawlamagyna ýürekden gynanýandygyny mälim edipdi. Häzirki wagtda Germaniýa kömri diňe beýleki ýurtlardan alýar. Kömri import etmek boýunça maglumatlara görä, Germaniýanyň Russiýadan import edýän kömrüniň paýy 38% töweregidir.