i­tap­ha­na ba­ryp, is­len­dik ki­ta­by al­mak is­le­ýän­di­gi­ňi­zi aý­da­ny­ňyz­da, bir­nä­çe mi­nut­yň dowamynda şol ki­ta­by si­ze ge­ti­rip ber­ýär­ler. Eý­sem, müň­ler­çe hat­da mil­li­on­lar­ça ki­ta­by özün­de jem­le­ýän ki­tap­ha­na­lar­da ki­tap­lar we beý­le­ki eser­ler nä­hi­li ter­tip­de ýer­leş­di­ril­ýär­kä?!
Ki­tap­la­ry at­la­ry­na görä elip­biý ter­ti­bin­de ýerleşdirmek, aw­tor­la­ryna görä to­par­la­ra böl­mek, mow­zuk at­la­ryna görä böl­mek ýa-da iň kö­ne ki­tap­dan iň tä­ze ki­ta­ba böl­mek müm­kin­dir. Eger şah­sy ki­tap­ha­na­ňyz­da 400-500 tö­we­re­gi ki­tap bar bol­sa, bu usul­la­ryň haý­sy­dyr bi­rin­den peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Em­ma uly ki­tap­ha­na­lar­da has baş­ga­ça usul­lar­dan peý­da­lan­ylýar. Ki­tap­ha­na­lar­da­ky eser­le­ri aň­sat­lyk bi­len tap­mak üçin dür­li klas­si­fi­ka­si­ýa we to­par­la­ýyş ul­gam­la­ry ula­nyl­ýar. Adat­ça, ki­tap­ha­na­lar­da üç ka­ta­log ul­ga­myn­dan peý­da­la­nyl­ýar:
Dýu­ýuň on­luk klas­si­fi­ka­si­ýa ul­ga­my
Umu­my on­luk klas­si­fi­ka­si­ýa ul­ga­my
Kong­res ki­tap­ha­na­sy­nyň ul­ga­my
Dýu­ýuň on­luk klas­si­fi­ka­si­ýa ul­ga­myn­da (DDC) ki­tap­la­ra sa­tyn al­nan wag­ty­na gö­rä tü­kel­le­ýiş bel­gi­si goýulýar. Şeý­le­lik­de ki­tap­lar tek­je­ler­dä­ki he­mi­şe­lik ýer­le­ri­ne ýer­leş­di­ril­ýär­. Ame­ri­kan ki­tap­ha­na­çy­sy Mel­wil Dýuý ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len ul­gam hä­zir­ki wagt­da hem giň­den ula­nyl­ýar. Bu ul­gam­da bir-bi­ri bi­len ugur­daş te­ma de­giş­li bol­ma­dyk ki­tap­lar şol bir tek­je­de dur­ýar. Bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin bol­sa, ki­tap­lar esa­san şeý­le ugur­la­ra bö­lü­nip­dir: 000-In­for­ma­ti­ka, in­for­ma­ti­ka umu­my göz­leg­ler, 100-Fi­lo­so­fi­ýa we psi­ho­lo­gi­ýa, 200-Din, 300-Jem­gy­ýet­çi­lik ylym­la­ry, 400-Dil, 500-Esa­sy ylym­lar, 600-Teh­no­lo­gi­ýa, 700-Sun­gat we dö­re­di­ji­lik, 800-Ede­bi­ýat, 900-Ta­ryh we ge­og­ra­fi­ýa.
Umu­my on­luk klas­si­fi­ka­si­ýa ul­ga­my
1895-nji ýy­la çen­li ne­şir edi­len äh­li eser­le­riň bib­li­og­ra­fi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak is­le­ýän bel­gi­ýa­ly Pol Ot­let we Hen­ri La Fon­ten klas­si­fi­ka­si­ýa et­me­giň ýol­la­ry­ny öw­ren­di­ler. Soň­ra bol­sa, aw­tor­lyk hu­ku­gy Dýu­ýa de­giş­li bo­lan ul­gam­dan peý­da­lan­mak üçin Dýuý­dan rug­sat al­ýar­lar. DDC at­ly bu ul­ga­my has hem kä­mil­leş­di­rip, 1905-nji ýyl­da umu­my bib­li­og­ra­fi­ýa re­per­tua­ry ady bi­len ne­şir ed­ýär­ler. Ot­let we La Fon­te­niň bu ese­ri­niň bi­rin­ji ne­şi­ri hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ul­ga­myn­da peý­da­la­nyl­ýan göz­leg ul­ga­my­nyň hem esa­sy ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na ka­bul edil­ýär.
Kong­res ki­tap­ha­na­sy­nyň klas­si­fi­ka­si­ýa­sy­nyň ul­ga­my
Bu ul­gam (LCC) dün­ýä­de DDC-den soň iň köp ula­nyl­ýan klas­si­fi­ka­si­ýa ul­ga­my ha­sap­lan­ýar. 1897-nji ýylda ABŞ Kong­res ki­tap­ha­na­syn­da iş­le­ýän Her­bert Put­nam ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len bu ul­gam­da esa­sy söz­ba­şy­lar elip­biý­dä­ki harp­la­ra gö­rä bö­lün­ýär. Şeý­le­lik­de, bu ul­gam A-Umu­my mag­lu­mat­lar, B-Fi­lo­so­fi­ýa, psi­ho­lo­gi­ýa, din, C-Ta­ryh­da kö­mek­çi ylym, D-Dün­ýä ta­ry­hy ýa­ly do­wam ed­ýär. Bu ul­ga­ma il­ki­baş­da iň­lis di­li­niň elip­bi­ýin­dä­ki I,O,W we Y harp­la­ry gi­ri­zil­män­dir. Bu harp­lar haý­sy­dyr bir mow­zuk ady bol­ma­dyk eser­le­re tä­ze at ber­mek üçin boş goý­lup­dyr. Bu ul­gam­da harp­lar hem-de san­lar ki­ta­byň maz­mu­ny ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýär. Siz hem ýo­kar­da­ky klas­si­fi­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­na la­ýyk­lyk­da şah­sy ki­tap­ha­na­da­ky ki­tap­la­ry ka­ta­log­laş­dy­ryp, tek­je­ler­de ýer­leş­di­rip bi­ler­si­ňiz.
Mer­jen Ata­gar­ry­ýe­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.