Şo­ko­lad ulu­dan-ki­çä hem­mä­niň ha­la­ýan ta­ga­my bol­sa ge­rek. Onuň ata wa­ta­ny Gü­nor­ta Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýar. Bu ta­gam ka­kao­dan taý­ýar­lan­ýar. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek 2 müň 600 ýyl ozal ko­kos­dan şo­ko­lad ön­dü­ri­lip baş­la­nan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da il­kin­ji bo­lup, ol­mek­ler ka­kao aga­jy­ny bu mak­sat bi­len ýe­tiş­di­rip­dir­ler. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ma­ýa­lar bu aga­jyň to­hum­la­ryn­dan peý­da­la­nyp baş­lap­dyr­lar. Ilkibaşda şo­ko­lad­ suwuk tagam bolupdyr. Şo­ko­lad iç­gi­si bel­li gün­ler­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da içi­lip­dir. XVI asyr­da is­pan ja­han­keş­de­le­ri Or­ta Ame­ri­ka sy­ýa­hat eden­le­rin­de ola­ra as­tek­le­r ta­ra­pyn­dan şo­ko­lad­ly içim­lik hö­dür edi­lip­dir. Şon­dan soň­ra is­pan sy­ýa­hat­çy­lary bu içim­li­gi Ýewropa getiripdirler. Bu iç­gi üwe­len ka­kao to­hu­myn­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Şokolad sözi as­tek di­lin­de «tur­şy iç­gi» diý­me­gi aň­lad­ýan «xocoatl» sözünden gelýär. As­tek­ler bu ta­ga­my dür­li ys­ly ot­la­ry go­şup içip­dir­ler. Ýagny, ol süýji däl-de, ajy bolupdyr. Is­pan­lar bol­sa şol iç­gä şe­ker go­şup, süý­je­dip içip­dir­ler. Häzir­ki­le­re meň­zeş ga­ty şo­ko­lad­lar bol­sa, il­kin­ji ge­zek Ang­li­ýa­da taý­ýar­la­nyp baş­la­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de, şo­ko­lad sat­ýan dü­kan­lar Ýew­ro­pa­nyň äh­li ýe­ri­ne ýaý­rap­dyr. 1700-nji ýyl­lar­da iň­lis­ler bu iç­gi­le­re süýt hem go­şup­dyr­lar. Häzirki wagtda bolsa, şokoladyň dürli ir-iýmiş we beýleki önümler goşulan görnüşleri bar.
Ka­kao şo­ko­lad üçin esa­sy çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ösüm­lik Gün­ba­tar Af­ri­ka, Gün­ba­tar hin­di ada­la­ry we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ýe­tiş­ýär. Bu agaç­lar dört ýyl­dan soň­ra mi­we be­rip baş­la­ýar. Bo­ýy 4-10 metr ara­ly­gyn­da bol­ýan agaç­lar ýyl­da iki ge­zek ha­syl ber­ýär. Ada­ty mi­we­li agaç­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da onuň mi­we­le­ri aga­jyň in­çe­jik şa­ha­syn­dan däl-de, ýo­gyn ýe­rin­den çyk­ýar. Ka­kao mi­we­si 35 san­ti­met­re çen­li bo­lup bil­ýär. Bir mi­we­de 2,5 san­ti­metr­lik 20-40 sany to­hu­m bar. Ka­kao mi­we­si şo­ko­lad ýa­sa­mak üçin gu­ra­dy­lan­dan soň­ra za­wod­da gaý­ta­dan iş­len­ýär. Olar gow­ru­lyp, üwe­l­ýär. Şon­dan soň­ra şo­ko­lad önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­ýar.
Şo­ko­la­dyň adam sag­ly­gy­na peý­da­ly­dy­gy aý­dyl­ýar. Onuň dü­zü­min­de E we B wi­ta­min­le­ri, de­mir, sink, mis, mag­ne­zi­ýa, ka­liý, kal­siý, fos­for ýa­ly ele­ment­ler bar. Ony az muk­dar­da iý­mek ýü­re­giň kadaly iş­le­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem be­de­niň im­mu­ni­te­ti­ni güýç­len­dir­ýär. Uly ýaş­ly­lar­da şo­ko­lad ýü­re­giň iş­leý­şin­de we ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da peý­da­ly­dyr.
Her ýy­lyň 7-nji iýu­ly şo­ko­lad gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Bu gü­ne ba­gyş­la­nyp, dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de şo­ko­lad fes­ti­wal­la­ry ge­çi­ril­ýär, ge­len myh­man­la­ra dür­li gör­nüş­li şo­ko­lad­lar hö­dür­len­ýär. Köp ýer­ler­de bol­sa, şo­ko­lad mu­zeý­le­ri he­re­ket ed­ýär. Bel­gi­ýa­da bol­sa, «Bel­gi­ýa şo­ko­lad oba­sy» at­ly mu­zeý ola­ryň iň meş­hu­ry ha­sap­lan­ýar. Bel­gi­ýa dün­ýä­niň iň naý­ba­şy şo­ko­lad­la­ry­ny ön­dür­ýän ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýe­re ge­len myh­man­la­ra şo­ko­la­dyň nä­hi­li taý­ýar­la­ny­ly­şy ba­ra­da jik­me-jik gü­rrüň be­ril­ýär.
Şo­ko­lad bi­len bag­ly
gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar
Dün­ýä­de iň köp Şweý­sa­ri­ýa­da we Ang­li­ýa­da sarp edil­ýär.
Ir­ki dö­wür­de as­tek­ler ka­kao to­hum­la­ry­ny pul bir­li­gi hök­mün­de ula­nyp­dyrlar.
Ka­kao aga­jy­nyň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy 200 ýyl tö­we­re­gi bo­lup, olar 25 ýyl ha­syl ber­ýär.
Şo­ko­la­dyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da de­mir bol­ýar.
Şo­ko­la­dyň dü­zü­min­dä­ki ýag­da ho­les­te­rin bol­ma­ýar.
XVIII asyr­da luk­man­lar ka­kao ýa­gy­ny süýt bi­len ga­ryp, der­man hök­mün­de ula­nyp­dyrlar.
Ka­kao ha­sy­ly­nyň 70 gö­teri­mi Af­ri­ka ýurt­la­ryn­dan alyn­ýar. Kot-d’Iwuar dün­ýä­niň iň köp ka­kao ön­dü­ril­ýän ýur­du­dyr.
Şo­ko­lad 34 gö­te­rim ýy­ly­lyk­da ere­ýär.