Adamyň näme sebäpden pallaýandygy henizem anyk belli däl, ýöne bedeniň gyzgynlygyny kadalaşdyrmaga kömek edýändigi çaklanylýar.
Dem alyp-berenimizde howanyň agramly bölegi burun deşikleriniň diňe birinden girip-çykýar. Bu ýagdaý belli bir wagtdan soň çalyşýar.
Adamyň agramynyň 8 göterimini gany düzýär.
Adam takmynan 1 trillion ysy saýgaryp bilýär.
Adamyň burny yslardan başga zatlary duýmaga-da ukyply. Meselem gyzgynlygy, ajyny, süýjini.
Adamyň barmaklarynyň şykyrdysynyň bogunlarda emele gelýän köpürjiklerden çykýar.
Adamyň saçy ýylda 15 sm ösýär.
Her kimde başgaça bolýan barmak yzlarynyň nämä gerekligini entek hiç kim bilmeýär, ýöne olar elimizden çyglylygy süpürmäge, çişleriň öňüni almaga ýa-da ellemek arkaly duýmak ukybyna ýardam edýär.
Adamyň ýüregi bütin ömründe ortaça 3 milliard gezek urýar.
Adam günüň dowamynda takmynan 20 müň gezek dem alýar.
Adamyň bedeni 10 trillion öýjükden emele gelendir.
Bir adam ömrüniň dowamynda 30 tonnadan gowrak azyk önümlerini iýýär. Bu bolsa, 70-80 düýäniň agramyna barabardyr.
Adamyň dyrnaklary günde 0,1 millimetr, aýda 3-4 millimetr ösýär. Bu ýagdaý pasla görä üýtgäp bilýär.
Adamyň beýnisi kämahal ukuda wagty oýa wagtyna garanyňdakydan has işjeň bolýar.