Ýer ýü­zün­dä­ki jan­ly-jan­dar­la­ryň ýüz­ler­çe­si ýy­lyň bel­li möw­sü­min­de dür­li se­bäp­ler bi­len baş­ga ýer­le­re göç­ýär­ler. Gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan haý­wan­lar bi­len bir ha­tar­da guş­lar, mör-mö­jek­ler we de­ňiz jan­dar­la­ry öm­rü­niň bel­li bir bö­le­gi­ni baş­ga ýer­ler­de ge­çir­ýär­ler. Awst­ra­li­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky Krist­mas ada­syn­da ýa­şa­ýan leň­ňeç­ler hem uzak ara­ly­ga göç­ýän tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Gy­zyl reňk­li bu leň­ňeç­ler en­de­mi­ki jan­dar bo­lup, di­ňe şol ada­da ýa­şa­ýar. Bu ada­da leň­ňeç­le­riň je­mi 14 gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Ow­nu­jak jan­dar­lar her ýy­lyň güýz aý­la­ry­nyň ahy­ryn­da ýa­gyş­ly möw­sü­miň baş­la­ma­gy bi­len ada­nyň mer­ke­zin­den um­ma­na ta­rap he­re­ket edip baş­la­ýar­lar. To­par bo­lup bar­ýan leň­ňeç­ler be­ýik­li-pes­li ýer­ler­den, ilat­ly no­kat­la­ryň go­la­ýyn­dan we ýol­lar­dan aş­ma­ly bol­ýar­lar. Ýo­ly ke­sip ge­çip bar­ýan leň­ňe­çle­ri gö­ren sü­rü­ji­ler ula­gy­ny sak­lap ola­ryň geç­me­gi­ne ga­raş­ýar­lar. Şeý­le hem uly ýol­la­ryň ug­run­da leň­ňeç­le­riň geç­me­gi üçin ýö­ri­te köp­rü­ler we ýe­ras­ty ge­çel­ge­ler hem ýa­sa­lyp­dyr. Leň­ňeç­le­riň gö­çü­şi ada­nyň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly bo­lup geç­ýär. 4-5 hep­de­läp do­wam ed­ýän «sy­ýa­hat­da» gy­zyl leň­ňeç­ler to­kaý­lar­da we ilat­ly ýer­ler­de dür­li kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­me­li we suw­suz­ly­ga çy­da­ma­ly bol­ýar­lar. De­ňiz ke­na­ry­na ba­ryp ýe­ten leň­ňeç­ler um­ma­nyň su­wun­dan gan­ýar­lar. Şeý­le­lik­de olar be­de­ni­niň ta­lap ed­ýän du­zu­ny hem ka­bul ed­ýär­ler. Olar de­ňiz ke­na­ryn­da­ky çä­ge­lik­de iki hep­de ga­lyp ýu­murt­ga taş­la­ýar­lar we yz­la­ry­na do­lan­ýar­lar. Ola­ryň ýu­murt­ga­dan çy­kan ça­ga­la­ry bir aý­dan soň­ ozal hiç gi­dip gör­me­dik ýe­ri­ne – to­ka­ýyň içi­ne, beý­le­ki leň­ňeç­le­riň ýa­ny­na gid­ýär­ler.