For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň il­kin­ji ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­di. Spil­berg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 71 aý­law­dan yba­ra­t bo­lan bäs­le­şik­de «Mercedes» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si, finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas ýe­ňiş ga­zan­dy. Il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Bot­tas 1 sa­gat 30 mi­nut 55,739 se­kunt­da pel­le­ha­na gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 12-nji ýeň­şi­dir. Bot­tas­dan 2,7 se­kunt yza ga­lan «Fer­ra­ri­niň» mo­na­ko­ly pi­lo­ty Şarl Lek­ler 2-nji, «McLa­ren» to­pa­ry­nyň 20 ýaş­ly bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris 3-nji ýe­ri eýe­le­di. As­lyn­da ýa­ry­şy soň­ky çem­pi­on, bri­ta­ni­ýa­ly Lýu­wis Ha­mil­ton («Mercedes») 2-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy. Ýö­ne «Red Bul­luň» sü­rü­ji­si Alek­san­der Al­bo­na päs­gel­çi­lik dö­re­den­di­gi üçin 5 se­kunt­lyk je­ri­me alan Ha­mil­ton 4-nji orun bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Soň­ky aý­law­la­ry diý­seň dart­gyn­ly we çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­da is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Saýns 5-nji orun­da ta­mam­la­dy. 9 sü­rü­jä bäs­le­şi­gi ta­mam­la­mak ba­şart­ma­dy. Möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­şy ýe­ne-de Awst­ri­ýa­da 12-nji iýul­da, ýag­ny er­tir ge­çi­ri­ler.