Surata düşmegi halamaýan barmy? Alýan suratlarymyz, şol pursatlary düşürmek üçin ajaýyp çarçuwalaryň döredilendigini kepillendirýär. Bu usullaryň biri, ýagtylyga, ýagny ters ýagtylyga garşy surata almakdyr. Eger öwrenje bolsaňyz, bu usul garaňky we manysyz bolmagy mümkin. Emma käbir inçe syrlaryny bilýän we üns berýän bolsaňyz gaýtalanmajak gözellikdäki suratlara düşürip bolar. Onda, Güne seredip surata düşürmegiň käbir usullaryny öwreneliň!
Güne garşy surat nädip düşürilmeli?
Surata alýan täze ulanyjylaryň köpüsi daşky gurşawdan hemişe şeýle maslahat alýarlar: “Günüň ýagtylygyny arkaňyza bakdyryp surata düşüriň!” Bu teklip ýerlikli bolsa-da, hemişe dogry hasaplanmaýar. Yşygy dogry ýerde ulanmak, Güne garşy düşürilen suratlary has täsirli edip biler. Şol sebäpli göz öňünde tutulýan usulyň ulanylmagy, suratyň erbet boljakdygyny aňlatmaýar. Şonuň üçin arka tarapdaky yşykda haýran galdyryjy we gowy suratlary düşürip bolýar.
Inçe syrlaryna göz aýlalyň:
Ters ýagtylykda düşürilen käbir suratlaryň ýagtylygy güýçli bolýar. Munuň sebäbini nädogry kamera sazlamasy diýip aýtsa bolar. Ýöne pes dinamiki iş sebäpli bolmagy hem ähtimal. Pes dinamiki aralykda, kölegede düşürilen jisim, islenýän ýagtylyk açylanda ýa-da ýagty fon gerekli ýagtylykda surata düşürilende garaňky bolýar. Bu meseläni çözmegiň bir usuly, surat düşürilenden soňra gaýtadan işlemek arkaly suratyň dinamiki diapazonyny köpeltmekdir.
Ters ýagtylykda düşürilen suratlarda arka yşykdan ýagtylyk ölçegleri bilen sudur suratlaryny düşürmek mümkin. Başga bir nukdaýnazardan seredilende, bu ýagdaý ýagtylyk çeşmesiniň obýektden edilen ölçeglerde ýagty fonda ýalpyldamagyna sebäp bolýar.
Obýektiň aňyrsynda ýagtylyk çeşmesini alsaňyz, onda kölegeleriň yzlary we dokumalary peýda bolar. Muny ýatdan çykarmaly däldir.
Bu pursatda birnäçe ýagdaýlara duş gelýäris:
Güne garşy surat aljak bolsaňyzam, ýagtylyk gurşawyny saýlaň!
Ilki bilen, düşürmek üçin oňat yşyk gurşawyny saýlaň! Gün öýlän wagty ters ýagtylyk synaglaryndan gowy netijeleri almagyň kyndygyny we ýagtylygy ýumşatmak üçin peýdaly elementleriň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şol sebäpli, Gün dogandan soňky pursatlar surata almaly, meselem ir säher ýa-da şapak wagty.
Bu wagtlardan başga mahal surata almaly bolsaňyz, ýagtylygy ýumşatmak üçin tebigatyň güýjüni ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin, agaçlar sizi bu ýagdaýdan halas etmegiň iň tebigy usullaryndan biridir. Eger mowzugyňyzy agaçlaryň ýa-da ýekeje agajyň öňünde alsaňyz, suratyň üýtgeýändigine syn edersiňiz. Bu ýerde göz öňünde tutulmaly zat, agaçlaryň aňyrsyndan gelýän ýagtylyga garşy durmak.
Kameranyň aýratynlyklaryny ulanyň!
Fotoenjamyňyzyň sazlamalary Günüň süçşmegi netijesinde kölegäniň hem ugruny üýtgedýändigi sebäpli üýtgäp biler. Şol sebäpli sazlamalary awtomatik usulda däl-de el bilen (manual) ýerine ýetirseňiz, has aňsat bolar. Ýagtylyk şertlerine laýyk kysymyny el bilen düzeniňizde surat has gowy bolar. El bilen işlemegiň iň möhüm artykmaçlygy, şol bir gurşawda hereket edeniňizde sazlamanyň üýtgemezligidir. Şeýlelik bilen, her gezek durnukly suratlary düşürip bilersiňiz.
Döredijiligiňizi nähili ulanmaly?
Suraty alyş wagtynda ýagtylyk gurşawy aşa köp bolan bolsa, soňundan suratlaryňyzy redaktirläp, azda-kände öz döredijiligiňizi goşup bilersiňiz. Surata düşürilende reflektor (ýagtylygy yza serpikdiriji) ulanmak suratlarda üýtgeşiklik döreder, kölegäniň balansyny aňsatlyk bilen sazlap bilersiňiz. Surat redaktirleýän programmalardan oňat başyňyz çykýan bolsa, emeli usullar goşup, almak isleýän netijeleriňizi has hem gowulaşdyryp bilersiňiz!
Geliň, şapagy surata alalyň!
Gün ýaşan wagty çalt hereket etmeli. Sebäbi, gowy surata almak üçin 20 minut töweregi wagtyňyz bolýar. Şonuň üçin düşüren suratyňyz görüner ýaly ýagtylygy sazlamaly. Günüň batýan pursatyndaky suratlaryň esasy nokady, tripot (üçaýak) enjamyňyzy öňünden taýýarlamakdyr. Sebäbi enjamyňyz bilen ünsüňizi sowup, iň gowy çarçuwany sypdyryp bilersiňiz.
Umumy düzgüni ýadyňyzda saklaň!
Howa açykmy? Diagramma üns bermeli. Gün eýýäm batdymy? El bilen işlemeli.
Bu inçe syrlara üns berip, Güne garşy iň gowy surata düşürmäge taýynmy?
Taýýarlan Aýjemal Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.