Şäher diýlende belent-belent binalary bolan, köçeleri awtomobillerden doly, müňlerçe adamyň ýaşaýan ilatly ýerleri göz öňüňe gelýär. Emma, Ýer ýüzünde ilaty bir obanyňkydan hem az şäherler bar. Bu şäherler öz taryhyny gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Şol sebäpli hem olara şäher ady berlen. Kiçi şäherler Ýewropada has köp gabat gelýär. ABŞ-da hem kiçi şäherler bar, emma olar Ýewropadaky gadymy kiçi şäherler ýaly syýahatçylary özüne çekmeýär.
Dünýädäki iň kiçi şäherleriň arasynda Çehiýanyň Rabşteýn şäheri bar. Bir köçeli şäherde 20 adam ýaşaýar. Bu şäher 1337-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şondan bäri ol özüniň şäher derejesini ýitirmändir. Bolgariýanyň Melnik şäherinde bolsa, 390 adam ýaşaýar. Bu şäher hakyndaky ilkinji maglumatlara XI asyrda gabat gelinýär. Belgiýada 889-njy ýylda döredilen Dýurbui şäheri hem kiçi şäherleriň sanawyna girizilendir. Bu şäheriň 500 töweregi ilaty bar.
Şweýsariýanyň Fýurstenau, Saud Arabystanynyň Ferdaniýa, Belgiýadaky Dýurbui şäherleri dünýädäki iň kiçi şäherleri hasaplanýar. Emma, Horwatiýadaky Hum şäheri dünýäniň iň kiçi şäherleriniň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Bu gala şäheri Roç şäheriniň golaýynda 349 metrlik depede ýerleşýär. Bu şäher 1102-nji ýylda ilkinji gezek Holm diýlip atlandyrylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda Hum şäherinde 450 adam ýaşapdyr. Gala diwarlarynyň içinde iki köçe, 20 bina bar. Galanyň bir derwezesi bolup, ol 1562-nji ýylda gurlupdyr. Hum dünýäniň iň kiçi şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda şäherde 20 töweregi adam ýaşaýar. Hum şäherine ulagly ýa-da pyýada baryp bolýar.
Abdyresul Abdullaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.