Şu oba ho­ja­lyk ýy­lyn­da (2016-njy ýyl iýul, – 2017-nji ýyl iýun) Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bug­daý eks­por­tun­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi mä­lim edil­di. Rus­si­ýa­nyň bu ba­bat­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­den hem öňe saý­lan­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi ha­bar ber­ýär.
Ýaý­ra­dy­lan mag­lu­ma­ta gö­rä, Rus­si­ýa­da bug­daý ha­sy­ly­nyň 72 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bol­jak­dy­gy, onuň 30 mil­lio­ny­nyň da­şa­ry ýurt ba­za­ry­na ibe­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Tu­tuş Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de şu ýyl 147,5 mil­li­on ton­na bug­daý ha­sy­ly ýyg­na­lyp, onuň 27 mil­li­on ton­na­sy eks­por­ta ibe­ri­ler.
2015-2016-njy oba ho­ja­lyk ýy­lyn­da Rus­si­ýa 25,5 mil­li­on ton­na bug­daý eks­port eden bol­sa, Ka­na­da­nyň bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji­si 22 mil­li­on ton­na, ABŞ-nyň­ky 21,09 mil­li­on ton­na go­laý­la­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Rus­si­ýa­da 114 mil­li­on ton­na dä­ne­li ekin­ler­den ha­syl ýyg­na­lar.
Rus­si­ýa­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň 15-nji aw­gust­da­ky mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 21,9 mil­li­on gek­tar­da­ky dä­ne­li ekin­le­riň ha­sy­ly ýyg­nal­dy. Ol hem eki­len meý­da­nyň 46,4 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar.
– Şu ýyl Rus­si­ýa­da­ky bug­daý ha­sy­ly örän ýo­ka­ry. Ýy­lyň-ýy­ly­na Rus­si­ýa bu ugur­da go­wy ne­ti­je­ler ga­zan­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da eks­port bo­ýun­ça tu­tuş Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­den öňe saý­la­nar – di­ýip, bug­daý bo­ýun­ça hal­ka­ra ge­ňe­şiň hü­när­me­ni Ami Reý­nolds gür­rüň ber­ýär.
Rus­si­ýa­nyň bug­daý eks­port ed­ýän ýurt­la­ry: Mü­sür, Tür­ki­ýe, Eý­ran, La­tyn Ame­ri­ka­sy ýurt­la­ry, Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti­niň ýurt­la­ry (In­do­ne­zi­ýa, Tai­land, Gü­nor­ta Ko­re­ýa). Gel­jek­de bug­daý sa­tyn al­ýan döwletleriň ha­ta­ry­na Mek­si­ka bi­len Ma­rok­ko hem go­şu­lar. Rus­si­ýa­nyň Ga­ra deň­ziň ke­na­ryn­da­ky et­rap­la­ryn­dan bug­da­ýyň bol ha­sy­ly alyn­ýar. O­lar ýur­duň eks­por­tu­nyň art­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar.