2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin
edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň
Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Mälim bolşy
ýaly, BSGG ÝSE-nyň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş
hünärmeni Katrin Smolwud missiýa baştutanlyk etdi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman
senagaty, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň,
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara
guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň milli habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, şeýle Türkmenistanyň DIM-niň ýanynda akkreditirlenen
daşary ýurtlaryň habarçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
N.Amannepesow çärede çykyş edip, BSGG ÝSE-nyň Türkmenistandaky
missiýasynyň işine ýokary baha berdi hem-de şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen
Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary Hökümet
toparynyň mejlisiniň netijelerini beýan etdi. Ministr ýurdumyzda howply ýokanç
keselleriň ýaýramagyny duýdurmaga gönükdirilen, öňüni alyş çäreleriň mundan
beýläk-de güýçlendirilmegi ugrunda alnyp barylýan amaly işler barada belläp
geçdi. Bu maglumatlar wideo-ýazgylaryň üsti bilen hem jikme-jiki gökezildi.
Soňra BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska
çykyş etdi. Ol türkmen tarapyna BSGG-niň missiýasyny gurnamakda beren
ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de global pandemiýa garşy göreşmek
boýunça işleriň utgaşykly alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
tagalalary barada belläp geçdi.
Wekiliýetiň ýolbaşçysy Katerin Smolwud Türkmenistana bolan on günlük
saparynyň netijeleri bilen paýlaşdy. Saparyň dowamynda bilermenler ýurduň
paýtagtyndaky hem-de welaýatlaryndaky dürli saglygy goraýyş edaralaryna, giriş
nokatlaryna, laboratoriýalara bardylar we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri
bilen duşuşdylar, şeýle hem epidemiologiki gözegçiligi boýunça geçirilýän çäreler
bilen tanyşdylar. Ol Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebitindäki COVID-19
keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurdy bolup durýandygyny belledi. Şonuň
üçin hem, öňüni alyş çäreleriň berkidilmeginiň dowam etdirilmeginiň gerekdigini
aýtdy. Şeýlelikde, BSGG-niň bilermenleri COVID-19-a garşy taýýarlygynyň we
dessin çäreleriň görülmeginiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiki
maslahatlar bilen paýlaşdylar.
Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi. Ol
BSGG-niň bilermenleriniň missiýasyna koronawirusyň täze görnüşiniň
ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň
üstüni ýetirýän netijeli işleri, maslahatlary we teklipleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

BSGG-niň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen
utgaşykly alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýeti barada nygtalyp geçildi.
R.Meredow ähli ylmy barlaglaryň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokanç
keselleriniň ýaýramagyna we döremegine täsir edýän dürli tebigy sebäpleriň
nazara alynmagynyň wajyplygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aral
meselesine we Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurda alyp barýan işleri
nygtaldy. Türkmenistanyň geografiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam
ömri üçin howply bolup durýan, Aral deňziniň guran düýbünden zyýanly
maddalary uly giňişliklere ýaýradýan, tozanly-duzly ýeller barada aýdylyp geçildi.
Bu ýerde howanyň hapalanmagynyň derejesi hem-de keselleriň aýratyn görnüşleri
bilen kesellemegiň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenmek boýunça alnyp barylýan
ylmy barlaglaryň ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Şeýlelikde, Ministr howanyň we
howa-damjalaryň üsti bilen ýaýraýan kesel dörediji mikroorganizmleriň
ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite awiasion tehnikalaryň kömegi
arkaly howany zyýansyzlandyrma işleriniň başlanandygyny nygtap geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow sanjymlaryň işlenilip düzülmegi bilen
aýratyn howply ýokanç keselleriň bejergisiniň we olaryň öňüniň alynmagynyň
görnüşleriniň, usullarynyň hem-de serişdeleriniň, şeýle hem aýratyn howply
ýokançlaryň emele gelşi baradaky maglumatlaryň gözlenilmegine ýardam etjek,
ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ýene bir gezek çagyrdy.
Türkmenistanyň bu maksatlara ygrarlydygy ýurduň C-TAP Platformasyna we
BSGG-niň beýleki ulgamlaryna goşulmagy arkaly aýdyňlaşdyrylýandygy barada
bellenilip geçildi.
Öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena
Panowa Türkmenistanyň BMG-niň ähli düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary
derejesini nygtady. BMG bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen Ýiti ýokanç kesele
garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň
Türkmenistanyň milli meýilnamasynyň ähmiýeti barada belläp, Ýe.Panowa
pandemiýanyň durmuş, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli täsirini azaltmak
boýunça bilelikdäki meýilnamalary barada aýdyp geçdi.
Brifingiň ahyrynda taraplar raýdaşlyk hem-de özara goldaw bermek
ýörelgeleri bilen umumyadamzat bähbidi ugrunda bilelikdäki işleri alyp dowam
etdirmegiň wajyplygyny nygtadylar.