Dün­ýä­niň aý­na­dan ýa­sa­lan iň uzyn köp­rü­si Hy­taý­da gu­rul­dy. Ol 20-nji aw­gust­da öz myh­man­la­ry­ny ga­r­şy al­dy. Bu ba­ra­da “Sin­hua” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, köp­rü­niň uzyn­ly­gy 430 met­re ba­ra­bar­dyr, ini bol­sa, 6 met­re go­laý­la­ýar. Mun­dan ozal­ky mag­lu­mat­lar­da, köp­rü­niň uzyn­ly­gy 393 metr diý­lip ag­za­lyp­dy. Bir­wag­tyň özün­de köp­ri 800 ada­my gö­ter­mä­ge ukyp­ly­dyr. 300 metr belentlikde gurlan köprüniň bahasy 3 million dollara barabardyr.
Oňa ge­ze­len­je gel­ýän adam­la­ryň sa­ny­ny her gün 8 mü­ňe çen­li çäk­len­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ýe­re gel­jek adam­lar bir gün öňün­den sar­gyt et­me­li bo­lar­lar.
Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da Çžansz­ýas­ze mil­li se­ýil­gä­hin­däki köp­rü­niň 2016-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da açyl­jak­dy­gy ha­bar ber­lip­dir. Ýö­ne onuň gur­lu­şy­gy bir­ne­me uza­ga çek­di. Köp­ri 100-e go­laý ge­zek sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Onuň 800 ada­my do­ly gö­ter­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar­dy­gy kes­git­le­nen­den soň­ra, beý­le­ki sy­nag­lar ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Köp­rü­niň ho­wa­nyň üýt­gäp dur­ýan de­re­je­si­ne çy­dam­ly­ly­gy, ýe­le gar­şy yr­gyl­da­maz­ly­gy bar­lan­dy.