Ispaniýanyň çempionaty “La ligada” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda “Real Madrid” çempionlygyny yglan etdi. 36-njy tapgyrda öz meýdançasynda “Wilýarrealy” Karim Benzemanyň gollary bilen 2-1 ýeňen “Real Madrid” 2-nji ýerdäki “Barselonadan” 7 utuk öňe saýlandy. Şeýlelikde, “Real Madrid” 3 möwsümden soň, taryhyndaky 34-nji “La Liga” çempionlygyny gazandy. Bu ýeňiş tälimçi Zidanyň 2-nji çempionlygydyr. 36-njy tapgyrda “Barselona” soňky minutlarda geçirden goly esasynda “Osasunadan” 2-1 asgyn geldi. Şeýle-de öz meýdançasynda “Granadadan” 2-1 utulan “Malýorka” topary “Espanýoldan” soň “La Liga” bilen hoşlaşan 2-nji klub boldy.