Sportuň taryhynda şu günüň iň esasy wakasy 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen 15-nji Dünýä Kubogynyň final duşuşygydyr. Pasadenadaky Rose Bowl stadionynda oýnalan finalda Braziliýa bilen Italiýanyň ýygyndylary duşuşýar. Oýun o diýen çekeleşikli bolmaýar. Hatda Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky golsuz geçen hem-de ýeňijisini penalti urgularynyň kesgitlän ilkinji final duşuşygy bolýar. Netijede, Braziliýa penaltilerde 3-2 öňe saýlanyp, kubogy 4-nji gezek asmana göterýär. Finalyň iň ýatda galan pursaty bolsa, toparyny finala çenli getiren italiýaly super ýyldyz Roberto Bajjonyň penaltini ýokary depmegi we gamgyn halda meýdançada durmagy bolýar.

Şeýle-de şu 1976-njy ýylda Kanadanyň Monreal şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Galyberse-de şu gün Halkara Olimpiýa Komitetiniň ozalky prezidentlerinden Huan Antonio Samarançyň, şeýle-de braziliýaly meşhur futbolçy Karlos Albertonyň, gollandiýaly Ýaap Stamyň, argentinaly Klaudio Lopeziň, fransiýaly Benžamin Mendiniň doglan günleri.

Italiýanyň Sassuolo futbol topary hem şu gün esaslandyrylýar.

 

1920 – Italiýanyň “Sassuolo” futbol topary esaslandyrylýar.

1920 – Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti, ispaniýaly işewür Huan Antonio Samaranç dünýä inýär.

1944 – Braziliýaly futbolçy Karlos Alberto Torres dünýä inýär.

1972 – Niderlandlaryň futbolçysy Ýaap Stam dünýä inýär.  

1974 – Argentinaly futbolçy Klaudio Lopez dünýä inýär.

1976 – Kanadanyň Monreal şäherinde XXI tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär.

1994 – ABŞ-da geçirilen 15-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Braziliýanyň ýygyndysy Italiýadan üstün çykýar (0-0, 3-2 p).

1994 – Fransiýaly futbolçy Benžamin Mendi dünýä inýär.

2011 – Futbol boýunça Germaniýada geçirilen zenanlaryň arasynda Dünýä Kubogynyň finalynda Ýaponiýanyň ýygyndysy ABŞ-dan üstün çykýar (2-2, 3-1 p).