2025-nji ýyl­da da­şa­ry ýurt­lar­da ge­ze­lenç üçin iň köp pul sarp ed­ýän ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Hy­taý bi­rin­ji or­ny eýe­lär. Bu ýur­duň ja­han­keş­de­le­ri­niň da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­la­ry üçin eçilip, 255 mil­liard dol­lar harç­la­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu ugur­da ikin­ji we üçün­ji orun­lar de­giş­li­lik­de ABŞ we Ger­ma­ni­ýa de­giş­li bo­lar. Bu ba­ra­da “Oxford” uni­wer­si­te­ti­niň “Oxford Econo­mics” yl­my-bar­lag fir­ma­sy ha­bar ber­ýär.
Hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­na Hy­ta­ýyň ra­ýat­la­ry­nyň go­şan­dy uly bo­lar. 10 ýyl­dan soň­ra hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sarp ed­ýän pu­lu­nyň möç­be­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hem-de Rus­si­ýa­nyň ja­han­keş­de­le­ri­niň­ki­den köp bo­lar. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2015-nji ýyl­da hy­taý­ly­lar da­şa­ry ýurt­la­ra ge­ze­lenç et­mek üçin 137 mil­liard dol­lar sarp et­di­ler. Bu ugur­da ikin­ji orun­da bar­ýan ABŞ-nyň ra­ýat­la­ry­nyň sarp eden pu­lu­nyň möç­be­ri 101 mil­liard dol­la­ra, Ger­ma­ni­ýa­nyň­ky 74 mil­liard dol­la­ra, Ang­li­ýa­nyň­ky 61 mil­liard dol­la­ra, Rus­si­ýa­nyň­ky 23 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.
“Oxford Econo­mics” yl­my-bar­lag fir­ma­sy­nyň sel­jer­me­le­ri­ne gö­rä, 10 ýyl­dan soň­ra ABŞ-ly ja­han­keş­de­le­riň harç­la­jak pu­ly 134 mil­liard dol­la­ra, Ger­ma­ni­ýa­nyň­ky 98 mil­liard dol­la­ra, Ang­li­ýa­nyň­ky 97 mil­liard dol­la­ra, Rus­si­ýa­nyň­ky bol­sa, 49 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lar.
“Oxford”-yň bi­ler­men­le­ri 50 ýurt bo­ýun­ça sel­jer­me iş­le­ri­ni ge­çi­rip, şo­nuň ne­ti­je­sin­de, şu ýo­kar­da­ky mag­lu­mat­la­ry çap et­di.