15-nji iýun­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ýur­du­my­zyň hö­kü­me­ti­niň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Türk­me­nis­ta­na bo­lan sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­ga ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, beý­le­ki döw­let dü­züm­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem ýer­li we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ýur­du­myz­da tä­ze gör­nüş­li ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­na gar­şy üs­tün­lik­li gö­reş­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­le­re we dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki ýag­da­ýa ba­ha ber­mä­ge ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän met­bu­gat mas­la­ha­ty­na dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­let­le­ri­niň met­bu­gat we elekt­ron mag­lu­mat se­riş­de­le­ri­niň köp­san­ly we­kil­le­ri wi­deo­mas­la­hat ar­ka­ly gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­du­lar.
Bu gün ýur­du­myz­da BSGG-niň tek­lip­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da we mil­li ka­nun­çy­lyk na­za­ra al­nyp, iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan sag­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça wa­jyp mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, anyk­la­mak we be­jer­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýa­ra­maz tä­si­ri ze­rar­ly ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýy na­za­ra alyp, ýur­du­my­za tu­tuş adam­za­da çyn­la­kaý we­him sal­ýan ýo­kanç ke­se­liň ara­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän öňü­ni alyş çä­re­leri bi­len ta­nyş­mak, bu howp­ly ýo­kan­jyň ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da, oňa des­sin çä­re­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň mas­la­hat be­riş-teh­ni­ki to­pa­ry­nyň bi­ler­men­le­ri ça­gy­ryl­dy. Ýer­li ila­tyň ara­syn­da COVID-19 ýo­kan­jy­nyň ýü­ze çyk­maz­ly­gy ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri 6-njy iýul­dan baş­lap, Le­bap we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dür­li luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da, bar­lag­ha­na­la­ryn­da, şeý­le hem Öz­be­gis­tan we Ow­ga­nys­tan bi­len ser­het­leş­ýän çäk­ler­de, Türk­me­nis­ta­nyň de­ňiz der­we­ze­si ha­sap­la­nyl­ýan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz men­zi­lin­de bol­du­lar. Olar aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, bar­lag­ha­na- anyk­la­ýyş, has­sa­la­ryň kli­ni­ki bar­la­gy, öňü­ni alyş we gö­zeg­çi­lik çä­re­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da bol­ýan on ­gün­lük sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­dy­lar. Şo­la­ry türk­men ta­ra­py mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň we beý­le­ki döw­let eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de na­za­ra alar. Bu iş­le­riň baş mak­sa­dy ýo­kan­jyň ara­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­ri mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­de tä­ze ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň dö­rän­di­gi ha­kyn­da mag­lu­mat­la­ryň ýü­ze çy­kan il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we­hi­me gys­sag­ly gar­şy dur­mak we ýur­du­my­zyň çäk­le­ri­ni bu ke­se­liň ge­ti­ril­me­gin­den we ýaý­ra­ma­gyn­dan go­ra­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de Aş­ga­bat­da we äh­li we­la­ýat­lar­da ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da ýur­du­myz­da ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da has­sa­la­ry ka­bul et­mek üçin ýö­ri­te bö­lüm­ler taý­ýar­la­nyl­dy. Ozal he­re­ket ed­ýän bö­lüm­ler ýü­ze çyk­ýan ýo­kanç ke­sel­le­ri we ka­ran­tin-ter­tip çä­re­le­ri­ni üp­jün et­mek üçin gaý­ta­dan gur­nal­ýar.
COVID-19 ýo­kan­jy­ny anyk­la­ýan en­jam­lar ýe­ter­lik möç­ber­de sa­tyn alyn­dy. Ola­ryň üs­ti yzy­gi­der­li ýe­ti­ri­lip du­rul­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi­niň bar­lag­ha­na­syn­da anyk­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Ol dü­me­wiň Mil­li mer­ke­zi de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şeý­le hem we­la­ýat­la­ryň bä­şi­sin­de ke­pil­len­di­ri­len bar­lag­ha­na­lar he­re­ket ed­ýär. Anyk­la­ýyş iş­le­ri­ni alyp bar­ýan hü­när­men­le­riň hem­me­si des­lap­dan ýö­ri­te taý­ýar­la­ýyş okuw­la­ry­ny ge­çir­di­ler. Şeý­le hem zy­ýan­syz­lan­dy­ryş ter­mi­nal­la­ry gur­lup, ulanyl­ma­ga be­ril­di. Aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ryn­da ýur­du­my­zyň çä­gi­ne gir­mez­den öňür­ti zy­ýan­syz­lan­dy­ryş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär we ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len önüm­le­re de­giş­li bar­lag iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Ser­het çäk­le­rin­de ek­zo­gen ýag­daý­la­ryň ýa­ra­maz tä­si­ri­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, adam­la­ryň sag­ly­gy­na bol­şy ýa­ly, daş­ky gur­şaw üçin ýa­ra­maz tä­si­ri bol­ma­dyk zy­ýan­syz­lan­dy­ryş se­riş­de­le­ri­ni howp­suz ulan­mak bo­ýun­ça ta­rap­lar bi­len üp­jün edi­len uçar­lar ar­ka­ly de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi BSGG-niň mil­li müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi pug­ta­lan­dyr­ma­ga we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän äh­li tek­lip­le­ri na­zar­da tu­tu­lar. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri Türk­me­nis­tan­da ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çiril­ýän çä­re­le­riň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Şu hep­dä­niň ba­şyn­da Türk­me­nis­tan ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň has tä­ze gör­nüş­le­ri­ni gi­riz­di. Aý­ra­tyn-da, köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni, jem­gy­ýet­çi­lik we sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek, res­mi mas­la­hat­la­ry, baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni we di­ni çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek çäklendirildi, aras­sa­la­ýyş we zy­ýan­syz­lan­dy­ryş çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, iri söw­da mer­kez­le­ri­niň, Aş­ga­bat bi­len we­la­ýat­la­ryň ara­syn­da he­re­ket ed­ýän de­mir ýol we aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň he­re­ke­ti­ni çäk­len­dir­mek we ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň in­di­ki tap­gy­ry­nyň işi­ni bes et­mek çä­re­le­ri gi­ri­zil­di. Şeý­le hem ýer­ler­de ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de gi­riş sy­nag­la­ry­ny ge­çir­mek bel­le­nil­di. Jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de de­giş­li ara­daş­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ta­lap­la­ry ber­jaý et­me­giň ka­da­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­hat be­riş-teh­ni­ki to­pa­ry­nyň Türk­me­nis­ta­na ge­len baş­tu­ta­ny, BSGG-niň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň baş hü­när­me­ni ha­nym Ket­rin Smoll­wud Türk­me­nis­ta­nyň СOVID-19 ýo­kan­jy­nyň ýur­duň çä­gi­ne ge­ti­ril­me­gi­niň öňü­ni al­mak üçin ägirt uly ta­gal­la­la­ry eden­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Dün­ýä­de hiç bir ýurt­da bu ýo­kanç ke­sel ba­ra­da anyk mag­lu­mat ýok. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan ýurt­da ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň tas­syk­la­nan pur­sa­dy­nyň ýok­du­gy­ny ha­bar ber­ýär. BSGG bu mag­lu­ma­ty tas­syk­la­ýar. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, BSGG mun­dan beý­läk-de hö­kü­me­tiň mil­li eda­ra­la­ry bi­len ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ila­ta ed­ýän tä­si­ri­niň we onuň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ug­run­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mä­ge me­ýil­li­dir.
Şeý­le hem BMG-niň Aş­ga­bat­da­ky bi­na­syn­da gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly BSGG-niň Ko­pen­ga­gen­dä­ki eda­ra­sy­nyň we­kil­le­ri bi­len bo­lan on­laýn du­şu­şy­gyn­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.