Dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkemegine, ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Daşky gurşawy goramak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, türkmen topragynyň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda, türkmen sährasynyň ekologiýa derejesiniň gowulandyrylmagyna, milli tebigatyň asyl durkunyň saklanylmagyna, biologik dürlüligiň sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet berilýär.
…Säher bilen hormatly Prezidentimiz kölüň kenaryna geldi. Milli Liderimiz ulagdan düşüp, bu ýerleriň özboluşly tebigy aýratynlyklaryny, sähra gurşawynyň ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän gözel görnüşlerini synlady. Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny utgaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş syýasatynyň esasyny düzýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli suw howdanlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de suw gorlaryny degişli derejede saklamak we arassalamak çäreleri barha işjeňleşdirilýär. Şeýlelikde, täze suw howdanlaryny döretmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we balykçylygy ösdürmek wezipelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky geçirilýän işler hem azyk bolçulygynyň berkidilmeginde möhümdir.
Işjeň dynç almaga aýratyn üns berýän milli Liderimiz bu gezek ajaýyp kölde balyk tutmak bilen meşgullandy. Diýarymyzyň suw howdanlarynda balyklaryň köp görnüşleriniň bolmagy hem-de olaryň yzygiderli köpeldilmegi kölleriň we howdanlaryň suwunyň arassaçylyk hem-de balyklar üçin ýaramlylyk derejesiniň degişli kada laýyk gelýändigine güwä geçýär. Soňky ýyllarda amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň köpsanly suw howdanlarynda dürli guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn bellemeli.
Munuň özi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň häzirki zamanyň ösen talaplaryna gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu ýerlerde seýrek duş gelýän toýnakly jandarlaryň köpelmegine oňyn täsiri bolan şertler bar. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen dürli jandarlaryň bardygyny bellemeli. Şeýlelikde, sähranyň ekologiýa derejesiniň gowulandyrylmagy netijesinde, bu ýerleriň haýwanat dünýäsiniň köp dürlüliginiň artmagy üçin zerur şertler üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, kölüň suw gorlarynyň artmagy bu künjekde maldarçylygyň ösüşine, çölüň suwarymly ýerleriniň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna öri meýdanlaryň giňelmegine oňyn mümkinçilik döredi. Häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalar köpdürlüligi, ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlarynyň mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz metbugat neşirleri bilen tanyşlygynyň dowamynda «Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi. Onda tebigatyň özboluşly aýratynlyklary, duş gelýän sözleriň, nakyllaryň mazmuny barada giňişleýin düşündiriş berilýär. Gadymy sözlükde beýan edilişine görä, balyk bilen baglanyşykly «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakyl adamyň käbir gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşykly manyny açyp görkezýär. Munuň özi türkmen diliniň gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw meselesi sebitde özgerişlikleri ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. MA-nyň döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň durmuş derejesi suw gorlaryna elýeterlilikden başlap, suwuň netijeli dolandyrylmagyna gös-göni baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň dürli derejedäki forumlarda öňe süren netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebitleýin merkezi açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak hakyndaky teklipler bar.
Milli Liderimiz balyk tutýan pursatynda çeňňege düşýän balyklaryň has ulularynyň hem bardygyna göz ýetirdi.