Şu gün­ki gün­de luk­man­çy­lyk agyz-burun ör­tü­gi di­ňe bir luk­man­la­ryň däl, eý­sem, adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şyn­da-da giň­den ula­ny­lyp baş­lan­dy. Ör­tük adam­laryň ha­pa­la­nan ho­wadan dem almazlygy üçin hyz­mat ed­ýär. Bi­ze ta­nyş bo­lan luk­man­çy­lyk ör­tük­le­ri XIX asy­ryň ahy­ryn­da peý­da bol­dy. Ola­ry bir wagt­da di­ýen ýa­ly, fran­suz Pol Ber­žer we pol­ýak Ýo­hann Mi­ku­liç-Ra­dess­kiý oý­lap tap­dy. Bu­lar­dan öň bol­sa, ne­mes mik­ro­bio­lo­gy Karl Flug­ge tüý­kü­lik­den pa­to­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­dy. 1897-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Pol Ber­žer oý­lap ta­pan agyz-burun ör­tü­gi­ni bir ýyl­dan gow­rak wagt sy­nag­dan ge­çi­rip, onuň oňat ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär. Ol bu barada 1899-njy ýyl­da Pa­ri­žiň hi­rur­gi­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­nyň öňün­de ha­sa­ba­t berýär.
Ýo­hann Mi­ku­liç-Ra­dess­kiý bol­sa, Pol Ber­žer­den bi­ha­bar ha­sa­dan edi­len ör­tü­gi we el­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le­lik­de, XX asy­ryň 20-nji ýyl­la­ry­na çen­li ör­tük­ler Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň kö­pü­sin­de sy­nag­dan ge­çi­ri­lip, ula­ny­lyp baş­lan­ýar.
Ör­tük­ler şu gün­ki gün­de:
luk­man­çy­lyk­da we dur­muş­da
Hä­zir­ki wagt­da luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de go­rag se­riş­de­si hök­mün­de agyz-burun ör­tük­leri giň­den ula­nyl­ýar. Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de, my­sal üçin Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý, Wýet­nam ýa­ly ýurt­lar­da ör­tük da­kyn­mak jem­gy­ýet­çi­lik jo­gap­kär­çi­li­gi­niň be­ýa­ny ha­sap­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ör­tük­ler adam­la­ra ýo­kanç­ly­gyň esa­sy çeş­me­si bo­lan, el­le­ri­ňi bur­nu­ňa we ag­zy­ňa de­gir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­me­ýär. Öň luk­man­çy­lyk ör­tük­le­ri ýüň­den we pag­ta­dan edi­len ýu­ka ma­ta­lar­dan edi­len bol­sa, in­di olar ýo­ka­ry süz­güç­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan po­li­mer sü­ýüm­le­rin­den edi­len do­ka­ma däl ma­te­ri­al­lar­dan edi­lip, has köp ula­nyl­ýar. Şeý­le ör­tük­ler gün­de­lik we ýö­ri­te­leş­di­ri­len gör­nüş­le­re bö­lün­ýär.
Bi­rin­ji­si, adat­ça, üç gat­lak­dan yba­rat – iki da­şar­ky we ola­ryň ara­syn­da ýer­leş­ýän süz­güç. Olar has­sa­ha­na­lar­da we köp­çü­lik ýer­le­rin­de ula­nyl­ýar. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ör­tük­ler­de dört gat­lak bol­ýar. Iki daş­ky gat­lak, süz­güç we ope­ra­si­ýa wag­tyn­da ýü­züňi bio­lo­gi­ki su­wuk­lyk­la­r­dan go­ra­ýan su­wuk­ly­ga gar­şy gat­lak. Gün­de­lik we hi­rur­gik ör­tük­ler bir ge­zek ula­nyl­ýar.

Go­ra­gyň do­wam­ly­ly­gy we tä­si­ri
Agyz-burun örtügini 2-3 sa­gat­dan ça­lyş­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Kä­bir ýag­daý­lar­da, my­sal üçin, çyg­ly ho­wa­da dakynmagyň wag­ty bir sa­gat­dan köp bol­ma­ly däl­dir. Ýö­ne ör­tük­le­riň has kä­mil gör­nü­şleri bar – bu­lar has go­wy süz­güç bi­len üp­jün edilen, ýü­zü­ňe mä­käm gy­sy­lan we ze­rur bol­sa gaý­ta­dan ula­ny­lyp bi­lin­ýän luk­man­çy­lyk res­pi­ra­tor­la­ry­dyr.