Hytaýyň «WeRide» taslamasynyň çäklerinde ilkinji robotlaşdyrylan taksiler synag edilýär. Bu ugurdaky maksatnama ýurduň Guançžou şäherinde geçirilýär. Synag bir hepde bäri dowam edýär we kompaniýanyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ähli işler meýilnama boýunça alnyp barylýar. Synaglar ýurduň häkimiýetini we ýolagçylary kanagatlandyran halatynda indiki aýdan başlap, sürüjisiz taksileriň işini ýola goýmak maksat edinilýär.
Robotlaşdyrylan taksiler diňe bir etrapçada hereket eder. Sürüjisiz awtoulaglaryň hereketine operatorlar gözegçilik eder.
– Dürli ulag ýagdaýlaryna çözgüt tapmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Sürüjisiz taksileriň hereketine has gowy düşünmek möhümdir. Ähli zat doly awtomatlaşdyrylandan soňra operatorlar aradan aýrylyp, taksileriň dolandyrylmagy robotlaryň üstüne ýüklener – diýlip, «WeRide» taslamasy boýunça ýaýradylan beýanatda bellenilip geçilýär.
«WeRide» taslamasynyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Toni Han öz beýanatynda ýene-de iki-üç ýyldan doly sürüjisiz tehnologiýanyň durmuşa geçirilmegini meýilleşdirilýändigini mälim etdi. Kompaniýa öz-özüni dolandyrýan ulaglaryň 100-den gowragyny synagdan geçirdi.
Aýsoltan Aşyrowa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.