Şo­ko­lad an­ti­ok­si­dant­la­ryň iň baý çeş­me­si­dir we adamyň im­mu­ni­te­ti­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Bu ba­ra­da rus­si­ýa­ly luk­man War­wa­ra Za­ro­di­na bel­läp geç­di. Ol köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne be­ren be­ýa­na­tyn­da bu önü­miň peý­da­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di.
– Şo­ko­lad önüm­çi­li­gin­de giň­den ula­nyl­ýan ka­kao aga­jy­nyň to­hu­myn­da be­de­ne oňyn tä­sir ed­ýän 200-den gow­rak himiki bir­leş­me bar. My­sal üçin, ola­ryň bi­ri fla­wo­no­id­lerdir. Bu güýç­li an­ti­ok­si­dant­lar im­mu­n ul­ga­my­na oňyn tä­sir ed­ýär. Ka­kao to­hu­my äh­li iý­mit­le­riň ara­syn­da iň ýo­ka­ry fla­wo­no­id dü­zü­mi­ne eýe­dir.
Beý­le­ki ta­rap­dan, şo­ko­la­dyň dü­zü­min­de şe­ker köp. Şe­ker köp­lenç şo­ko­la­dyň peý­da­ly tä­sir­le­ri­ni ara­dan aýyr­ýar. Şo­nuň üçin şo­ko­la­dyň ta­ga­my­ny ýi­tir­män, onuň dü­zü­min­dä­ki şe­ke­riň muk­da­ry­ny azalt­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ga­ra şo­ko­lad iň peý­da­lysy ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi onuň dü­zü­min­de köp muk­dar­da ka­kao to­hum­la­ry bar­dyr. Şeý­le hem rus­si­ýa­ly luk­man beý­le­ki iý­mit­ler ýa­ly şo­ko­la­dy köp iý­megiň hem en­di­ge öw­rü­lip bilin­jek­di­gi­ni duý­du­ryp, mu­nuň öňü­ne geç­me­gi mas­la­hat ber­ýär.