2016-njy ýylyň iýul aýynda Norwegiýada nebit önümçiliginiň ösüş depgini soňky 5 ýylyň iň ýokary görkezijisine eýe boldy. Bu barada ýurduň nebit edarasy habar berýär. Ýurduň nebit öndürijileri bu ýangyç serişdesiniň önümçiligini has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Norwegiýa Günbatar Ýewropanyň nebit we tebigy gaz öndürýän iri döwletleriniň biridir. Iýul aýynda nebit önümçiligi 10 göterim artyp, bir gündäki möçberi 1,73 million barrele deň boldy. Munuň agramly bölegi Goliaf ýatagyndan öndürildi. Ol geçen ýylyň mart aýynda senagat taýdan özleşdirilip başlanypdy. Bu ýerde “Eni SpA” kompaniýasy işleýär.
Maglumatlara görä, ýurduň bir aýdaky nebit önümçiligi 2011-nji ýyldaky derejesinden has ýokary çykdy. Şol döwürde bu ugurdaky ösüş depgini 9 göterime golaýlapdy. Norwegiýada nebitiň agramly bölegi Barens deňzindäki Goliaf ýatagyndan alynýar. Bu ýerde bir gündäki önümçilik 100 müň barrele deňdir.
Umuman, Norwegiýada iýul aýynda öndürilen nebit we tebigy gazyň möçberi 3,97 million barrel nebite deň boldy. Şu ýylyň 7 aýynda ýurtdaky uglewodorod serişdeleriniň önümçilik depgini 6 göterim ösdi.