12-nji iýulda Polşada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň häzirki Prezidenti Anjeý Duda ikinji möhlete saýlandy.
Anjeý Duda raýatlaryň hukuk we
sosial goragynyň kepilini berkitmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
Döwlet saýlaw toparynyň habaryna görä, saýlawçylaryň 51%-den gowragy dolandyryjy «Kanun we Adalat» partiýasynyň dalaşgäri üçin ses berdiler, 49%-e golaýy hem onuň garşydaşy, «Raýat platformasy»-nyň dalaşgäri Rafal Tşaskowskä ses berdiler. Saýlawlara gatnaşyk 68%-e deň boldy.
– Anjeý Duda 10 million 413 müň 94 sese, Rafal Tşaskowskiý 9 million 921 müň 219 sese eýe boldy – diýip, döwlet saýlaw toparynyň başlygy Silwestr Marsinýak aýtdy.
Saýlawlar iki tapgyrda geçirildi. 28-nji iýunda geçirilen saýlawyň birinji tapgyrynda Anjeý Duda 43,5%, Rafal Tşaskowskiý – 30,46% ses alypdy. Şonda 11 dalaşgär döwlet baştutany wezipesine dalaşgär boldy, ýöne olaryň hiç biriniň hem gazanan sesi ýeňiş üçin zerur bolan iň pes derejä – 50%-e ýetmedi. 2015-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Polşanyň Prezidenti wezipesini eýeläp gelýän Anjeý Duda öz hökümetiniň raýatlaryň hukuk we sosial goragynyň kepilini berkitmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Polşanyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen saýlanyp, diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilinýär. Resmi maglumatlara görä, Häzir Polşanyň ilaty 38 million 652 müňden gowrakdyr.