Lukmanlar süýt önümleriniň peýdasynyň uludygyny belleýärler. Tomsuň yssy günlerinde aýran içmegiň hem aýratyn lezzeti bar. Ýaýylan gatykdan alynýan bu önüm derlemegiň netijesinde bedenden duzuň çykmagynyň öňüni alýar, iýmit siňdirişe we rahat uka kömek edýär. Lukmanlar aýranyň tomus aýlarynda iň peýdaly içgileriň biridigini belleýärler. Bu önüm düzüminde kaliý, kalsiý, protein, fosfor minerallaryny,
A, B we D witaminleri saklaýar. Şeýle hem aýranyň düzüminde süýde garanyňda has az laktoza bolýar. Şol sebäpli aýran içmek uly ýaşly adamlara maslahat berilýär. Köplenç aýrana duz hem goşulýar. Lukmalar aýrana az mukdarda duz goşulmalydygyna ünsi çekýärler. Kähalatlarda yssy howada adamyň damarlary giňäp, gan basyşy peselýär. Aýranyň gan basyşyny hem kadalaşdyrýandygy bellenilýär. Tomsuna günüň uzamagy sebäpli adamlaryň uky wagtlary hem üýtgeýär. Bu bolsa, käbir adamlarda ukusyzlyga sebäp bolýar. B witaminine baý bolan aýran kadaly uklamaga kömek edýär. Düzümindäki probiotikler bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Lukmanlar gazlandyrylan, reňkleýji serişdeler goşulan içgileri içmegi maslahat bermeýärler. Olaryň deregine aýran içilse, saglyk üçin has peýdaly boljakdygyna ünsi çekýärler.