Şah­sy aras­sa­çy­lyk üçin ula­nyl­ýan sa­byn, gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň iň ze­rur zat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Sa­byn il­kin­ji aras­saçylyk se­riş­desi ha­sap­lan­ýar. Bu se­riş­dä­niň miladydan 6 müň ýyl töweregi ozal ula­ny­lyp baş­la­nan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň on­lar­ça gör­nü­şi oý­la­nyp ta­py­lan hem bol­sa, sa­byn öz äh­mi­ýe­ti­ni hiç ha­çan ýi­tir­me­di.
Dür­li çeş­me­ler­de dür­lü­çe mag­lu­mat­lar bo­lan­soň, «Sa­by­ny il­kin­ji ge­zek kim ýa­sap­dyr?» di­ýen so­wa­lyň anyk jo­ga­by ýok. Se­bä­bi bu açyş örän ga­dy­my dö­wür­ler­den göz­baş al­yp gaýdýar. Şeý­le-de bol­sa, hä­zir­ki­le­re meň­zeş sa­by­ny taý­ýar­lan il­kin­ji alym Ga­len­dir. 130-200-nji ýyl­lar­da ýa­şap ge­çen, şol döw­rüň öň­de­ba­ry­jy luk­man­la­rynyň bi­ri bo­lan Ga­len sa­by­nyň kes­git­le­me­si­ni be­rip­dir. Grek aly­my sa­by­nyň aras­sa­la­mak we be­jer­mek üçin ula­nyl­ýan se­riş­de­di­gi­ni bel­läp­dir.
Sa­by­nyň ýa­sa­ly­şy ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­la­ra bol­sa, Şu­mer ýaz­gy­la­ryn­da (miladydan 2500 ýyl ozal) ga­bat ge­lin­ýär. Ýaz­gy­lar­da aga­jyň kü­lü­ni gaý­na­dyp, oňa ýag goş­mak ar­ka­ly sa­by­nyň ýa­sal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Dür­li çeş­me­ler­de mi­la­dy­dan öň­ki 1000-nji ýyl­lar­da Rim­li­le­riň sa­by­ny ula­nyp baş­lan­dy­gy aý­dyl­ýar.
Or­ta asyr­lar­da Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da sa­byn­la­ryň dür­li gör­nü­şi şol san­da ýa­kym­ly ys­ly sa­byn­la­r ön­dü­ri­lip­dir. Şol dö­wür­ler­de bu se­bit­ sa­byn ön­dür­mekde ösen pu­da­ga öw­rü­lip­dir. 854–925-nji ýyl­lar­da ýa­şap ge­çen Mu­ham­met ibn Za­ka­riýa ar-Ra­zi sa­by­nyň taý­ýar­la­nyş usu­ly­ny dö­re­dip­dir. Alym zeý­tu­nyň ýa­gyn­dan gli­se­rin ön­dür­me­giň for­mu­la­sy­ny dö­re­dip­dir. Şol dö­wür­ler sa­byn dür­li gör­nüş­li ýag­lar­dan we ýag­la­ryň aş­gar bi­len ga­ryl­ma­gyn­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Si­ri­ýa­da zeý­tun ýa­gyn­dan, aş­gar­dan we hek­den taý­ýar­la­nan sa­byn­lar uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Şol dö­wür­ler Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­dan Ýew­ro­pa sa­byn eks­port edi­lip­dir. XII asyr­da­ky arap çeş­me­le­rin­de sa­byn ön­dür­me­giň usul­la­ry be­ýan edi­lip­dir. On­da aşgardan (al-qalwi) sa­by­nyň ön­dü­ril­ýän­di­gi ýa­zyl­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len Ýew­ro­pa dil­le­ri­ne «al­ka­li» sö­zi aş­gar ma­ny­syn­da ge­çip­dir.
Kü­lüň sa­byn ýa­sa­mak üçin ula­nyl­ma­gy agaç ýit­gi­si­ni ýo­kar­lan­dy­ryp­dyr. Şeý­le bo­lan­soň alym­lar sa­byn ýa­sa­mak­da kü­lüň de­re­gi­ne nä­me ula­nyp bol­jak­dy­gy ba­ra­da­ pi­kir edip­dir­ler. Fran­suz hi­mi­gi Ni­ko­la Leb­lan 1790-njy ýyl­da sa­byn ýa­sa­ma­gyň tä­ze usu­ly­ny oý­lap tap­ýar. Leb­lanyň taýýarlan for­mu­lasy kü­le bo­lan ze­rur­ly­gy ara­dan aýyr­ýar. Soň­ra Og­ýus­ten Žan Fre­nel 1811-nji ýyl­da tä­ze for­mu­la­ny taý­ýar­la­ýar. Sa­byn ýa­sa­ma­gyň bu usu­ly has aň­sat bo­lup, gys­ga wagt­da dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­na ýaý­ra­ýar.

Sa­by­nyň
peý­da­sy
Şah­sy aras­sa­çy­lyk­da ýy­gy-ýy­gy­dan ula­nyl­ýan sa­by­nyň peý­da­sy di­ňe bir ha­pa­la­ry aýyr­mak we ýa­kym­ly ys gal­dyr­mak däl. Sa­byn bak­te­ri­ýa­la­ryň kö­pel­me­gi­niň öňü­ni alyp, mör-mö­jek­le­riň, çy­by­nyň çak­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan agy­ry­ny kö­şeş­dir­ýär, gi­ji­le­wü­gi aýyr­ýar, dür­li ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Her ada­myň de­ri­si­niň gör­nü­şi­ne gö­rä, şeý­le hem, bä­bek­ler­dir ça­ga­lar üçin, el-ýüz, be­den, egin-eşik üçin ni­ýet­le­nen aý­ra­tyn sa­byn­lar bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ösüm­lik we haý­wan ýag kis­lo­ta­la­ry­ny ula­nyp or­ga­ni­ki sa­byn­lar ön­dü­ril­ýär.
Na­har­dan öň we soň, ha­jat­ha­na­dan çy­kan­dan soň, da­şar­dan öýe gel­nen­de, ir­den tur­lan ma­ha­ly, ag­şam ýat­maz­dan ozal, haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len eli­miz ha­pa­la­nan bol­sa sa­byn­lap ýuw­ma­ly.