Soň­ky ýyl­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, dün­ýä­niň iň akyl­ly jan­dar­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan del­fin­le­riň aw et­mek üçin bir-bir­le­ri bi­len mas­la­hat­laş­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Del­fin­le­riň ýi­ti bu­run­ly gör­nü­şi­niň aw et­me­giň usul­la­ry­ny ene­le­rin­den öw­ren­ýän­di­gi­ ozal­dan hem mä­lim­di. Em­ma soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­lar bu jan­dar­la­ryň öz tej­ri­be­le­ri­ni deň-duş­la­ry­na öw­red­ýän­di­gi­ni hem ýü­ze çy­kar­dy. Hal­ka­ra alym­lar to­pa­ry 11 ýy­lyň do­wa­myn­da Awst­ra­li­ýa­nyň Şark aý­la­gyn­da del­fin­le­riň ýüz­ler­çe­si­ni ýa­kyn­dan syn­la­dy­lar. Hü­när­men­ler del­fin­le­riň «ok at­mak» at­ly aw usu­ly­ny ula­nan­dyk­la­ry­na göz ýe­tir­di­ler. Bu usul­da del­fin­ler ba­lyk sü­rü­si­ni deň­ziň düý­bün­dä­ki boş ba­lyk­gu­lak ga­pyr­jak­la­ry­na kow­ýar­lar. Soň­ra bol­sa içi ba­lyk­ly ga­pyr­ja­gy alyp, su­wuň ýo­kar­sy­na çy­kyp, ba­ly­gy iý­ýär­ler. Yl­my bar­la­ga ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Son­ja Waýld del­fin­le­riň bu he­re­ke­ti­niň ola­ryň aň-dü­şün­je­li­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Şeý­le­lik­de, bu to­pa­ra go­şu­lan öw­ren­je del­fin­ler gys­ga wagt­da ba­ly­gy ga­pyr­ja­gyň içi­ne ga­bat, soň­ra aň­sat­lyk bi­len tut­ma­gy öw­ren­ýär. Hü­när­me­niň pi­ki­ri­çe, del­fin­le­riň bu he­re­ke­ti bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri, aw et­me­giň in­çe syr­la­ry­ny bir-bir­le­ri­ne öw­red­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Del­fin­le­riň suw­da­ky zat­la­ry gu­ral hök­mün­de ulan­ýan­dy­gy ozal­dan hem mä­lim­di. Öň­ki ýyl­lar­da Şark aý­la­gyn­da­ky ene del­fin­le­riň öz ça­ga­la­ry­na ga­ýa­la­ryň ara­syn­da nä­hi­li go­ran­ma­ly­dy­gy­ny öw­red­ýän­di­gi anyk­la­nyp­dy. Del­fin­ler to­par bo­lup ýa­şa­ýar­lar. Em­ma olar kä­ha­lat­lar­da öz to­par­la­ry­ny üýt­ged­ýär­ler.