Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň 12-nji möw­sü­mi 1966—1967-nji ýyl­lar­da ge­çi­ril­ýär we oňa 33 to­par gat­naş­ýar. Bäs­le­şik il­kin­ji ge­zek saý­la­ma tap­gy­ry­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da, 4 tap­gyr­ly ge­çi­ril­ýär.
1-nji tap­gyr­da şot­land­la­ryň «Sel­ti­gi» Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Sü­rih» to­pa­ry­ny 2–0 we 3–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Ita­li­ýa­nyň «In­ter» to­pa­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­na­şan SSSR-iň klub­la­ryn­dan Mosk­wa­nyň «Tor­pe­da­sy­ny» ýeň­mek kyn hem bol­sa ba­şard­ýar (1–0, 0–0). «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Pet­ro­lul Ploiş­ti» to­pa­ry­ny 2–0 ut­sa-da, myh­man­çy­lyk­da 3–1 ýe­ňil­ýär. Gaý­ta­dan oý­na­lan du­şu­şyk­da 2–0 ýe­ňen «Li­wer­pul» ýa­ry­şy do­wam ed­ýär.
2-nji tap­gyr­da ýa­ry­şa go­şu­lan soň­ky çem­pi­on «Re­al Mad­ri­de» ne­mes­le­riň «1860 Mü­nih» to­pa­ry­ny ýeň­mek kyn düş­ýär. Myh­man­çy­lyk­da 1–0 as­gyn ge­len mad­rid­li­ler öz meý­dan­ça­syn­da 3–1 ut­ýar. «Sel­tik» to­pa­ry «Nan­ty» 2 ýer­de-de 3–1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Len­noks bi­len Çal­mers her oýun­da 1 gol ge­çir­ýär. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da «Aýaks» bi­len «Li­wer­pul» du­şu­şyp, Kroýf­fuň hem ta­pa­wut­la­nan 1-nji oýun­da «Aýaks» 5–1 ýeň­iş ga­zan­ýar. Jo­gap oý­ny Hant we Kroýf­fuň gar­şy­lyk­ly gol­la­ry bi­len 2–2 deň­lik­de gu­tar­ýar.
Çär­ýek fi­nal­da soň­ky 2 ýa­ry­şyň çem­pi­on­la­ry «In­ter» bi­len «Re­al Mad­rid» du­şuş­ýar. Ital­ýan to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Kap­pel­li­ni­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär. Mad­rid­de ýe­ne-de Ka­pel­li­ni­niň 1 gol ge­çi­ren oý­nun­da 2–0 utup, ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. «Sel­tik» myh­man­çy­lyk­da «Woý­wo­di­na­dan» 1–0 utul­sa-da, Glaz­go­da 2–0 ýe­ňip, il­kin­ji ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Çär­ýek fi­na­lyň beý­le­ki 2 oý­nun­da-da ga­ra­şyl­ma­dyk to­par­lar ýa­rym fi­nala at­la­ry­ny ýaz­dyr­ýar. «Aýaks­dan» üs­tün çy­kan «Duk­la Pra­ga» il­kin­ji ge­zek iň go­wy 4-li­ge düş­ýär. De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň «Lin­fild» to­pa­ry bi­len saý­la­ma tap­gy­ryn­dan ýa­ry­şyp gel­ýän «SSKA So­fi­ýa» du­şuş­ýar. 2 oý­nuň ne­ti­je­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan bol­gar to­pa­ry bol­ýar.

GARAŞYLMADYK ÝARYM FINALÇYLAR
Ýa­rym fi­nal­da-da «Sel­tik» to­pa­ry «Duk­la Pra­ga­ny» öz meý­dan­ça­syn­da 3–1 ýeň­ýär. Jo­gap oý­nun­da bol­sa ha­sap açyl­ma­ýar. «In­ter» bilen «SSKA So­fi­ýa­nyň» ara­syn­da­ky 2 oýun hem 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. Bu iki du­şu­şyk­da-da «In­te­riň» gol­la­ry­ny Fak­ket­ti der­we­zä gi­riz­ýär. Bo­lon­ýa­da oý­na­lan 3-nji du­şu­şyk­da «In­ter» Kap­pel­li­ni­niň ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär. Ne­ti­je­de, «Sel­tik» 3-nji, «In­ter» 1-nji ge­zek fi­na­la çyk­ýar.

TÄZE ÇEMPION
Fi­nal du­şu­şy­gy 1967-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lis­sa­bon­da­ky «Es­ta­dio Nacio­nal»-da oý­nal­ýar. 45 müň jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden du­şu­şy­gyn­da ger­ma­ni­ýa­ly Kurt Çen­şer jür­le­wük çal­ýar. Oý­nuň 7-nji mi­nu­tyn­da Ales­sand­ro Maz­zo­la­nyň pe­nal­ti go­ly bi­len «In­ter» öňe saý­lan­ýar. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da ti­je­nen «Sel­tik» 62-nji mi­nut­da Tom­mi Gem­mel­liň go­ly bi­len ha­sa­by deň­le­ýär. Du­şu­şy­gyň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 mi­nut ga­lan­da, has ta­ky­gy 85-nji mi­nut­da bolsa, To­mas Çal­mers şot­land to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly öz ady­na ýaz­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, «Sel­tik» to­pa­ry UEFA-nyň klub de­re­je­sin­dä­ki iň ýo­ka­ry ýa­ry­şyn­da ku­bo­gy eýe­län il­kin­ji bri­tan to­pa­ry bol­ýar. 12-nji möw­süm­de fut­bo­lyň wa­ta­ny Bri­ta­ni­ýa­nyň, on­da-da iň­lis däl-de şot­land to­pa­ry­nyň ku­bo­gy al­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.