For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 2-nji ýa­ry­şy hem Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­di. Spil­berg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňiş ga­zan­dy. Il­kin­ji ha­tar­dan bat alan us­sat sü­rü­ji 71 aý­la­wy 1 sa­gat 22 mi­nut 50,683 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 85-nji ýeň­şi bo­lup, ol bu ugur­da 91 ýe­ňiş bi­len re­kor­dyň eýe­si Mi­ha­el Şu­ma­he­re go­laý­lap bar­ýar. Ýa­ryş­da to­par­da­şy­ndan 13,719 se­kunt yza ga­lan, 1-nji bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si, finl­ýan­di­ýa­ly Walt­te­ri Bot­tas 2-nji ýe­ri eýe­le­di. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pe­niň 3-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da onuň tai­land­ly to­par­da­şy Alek­san­der Al­bon 4-nji or­na my­na­syp bol­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – Şarl Lek­ler bi­len Se­bas­ti­an Wet­tel ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di­ler.
Ge­çi­ri­len 2 ýa­ryş­dan soň, Walt­te­ri Bot­tas 43 utuk bi­len 1-nji ýerde bar­ýar. On­dan 6 utu­gy kem Lýu­wis Ha­mil­ton 2-nji, 26 utuk­ly Lan­do Nor­ris 3-nji or­ny eýe­le­ýär. Möw­sü­miň 3-nji ýa­ry­şy er­tir, ýag­ny 19-njy iýul­da Weng­ri­ýa­da ge­çi­ri­ler.