Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da «Ýu­wen­tu­sa» bas­syr 3 tap­gyr­dan bä­ri ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şar­da­nok. «Mi­lan­dan» 4–2 utu­lan «Ýu­wen­tus» «Ata­lan­ta» bi­len 2–2 oý­na­nyn­dan soň, myh­man­çy­lyk­da «Sas­suo­lo» bi­le­nem 3–3 deň­me-deň oý­na­dy. Çem­pi­on­ly­gyň beý­le­ki bir da­laş­gä­ri «La­sio» to­pa­ry­na-da pur­sat­dan peý­da­lan­mak ba­şar­da­nok. Rim­li­ler yz­ly-yzy­na 3 ýeň­liş­den soň, «Udi­ne­ze» bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy­lar. 33-nji tap­gyr­da «Ata­lan­ta» öz meý­dan­ça­syn­da «Bre­şi­ýa­ny» 6–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Pa­şa­liç 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ber­ga­mo­ly­lar şu möw­süm­de 6-njy ge­zek 5-den köp gol­ly ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. «Ata­lan­ta» ýe­ne-de 7 gol ge­çir­se, on­da 59 ýyl­dan soň, «Se­rie A»-da 100 gol ge­çi­ren il­kin­ji to­par bo­lar­. Ýe­ne-de 15 gol ge­çi­ren ýag­da­ýyn­da bolsa, çem­pio­na­tyň re­kor­dy­ny tä­ze­lär­ler. Soň­ky 2 du­şu­şyk­da 7 gol ge­çi­rip, 6 utuk top­lan «In­ter» 2-nji or­na beý­gel­di. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, «Ýu­wen­tus» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da 6 utuk ara­ta­pa­wut bar. 34-nji tap­gyr­da­ky «Ýu­wen­tus»–«La­sio», «Ro­ma»–«In­ter» du­şu­şyk­la­ryn­dan soň, çem­pi­on­ly­gyň has-da güý­je­me­gi müm­kin.