Iýul aýynyň 13-18-i aralygynda 54-nji Halkara Mendeleýew Himiýa Olimpiadasy (IMChO) ilkinji gezek onlaýn görnüşinde amala aşyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa Döwlet uniwersitetiniň alymlar topary bilen Olimpiadanyň Guramaçylyk topary bilen bilelikde guralan Halkara olimpiada Hytaý, Eýran Yslam Respublikasy, Ukraina, Wengriýa, Awstriýa ýaly 27 ýurtdan 130-dan gowrak ýaş himik gatnaşdy.
Olimpiýada iki sany teoretiki tapgyr boýunça geçirilip, türkmen toparyndan 4 zehinli okuwçy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça okuwçylar iki kümüş, iki bürünç medala eýe boldular. Milli topara Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etmeginde Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Berdigylyç Rejepbaýew kümüş medala, Ýusup Döwletmyradow bürünç medala, 9-njy synp okuwçysy Gözel Döwranowa bürünç medala, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Dawut Muhammetkulyýew kümüş medala mynasyp boldular. Aýratyn bellemeli zat, Gözel Döwranowa Halkara himiýa olimpiadasynda Türkmenistanyň milli toparynyň gatnaşyjy himikleriniň arasynda ilkinji zenan ýeňijisidir. Halkara Mendeleýew Himiýa Olimpiadasy (IMChO) himiýa boýunça orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän esasy halkara bäsleşik bolup, 1967-nji ýylda Himiýa boýunça Bileleşik Olimpiadasy hökmünde başlanypdy.

Olimpiada rus we iňlis dillerinde alnyp barlyp, synag meseleleri dünýädäki öňdebaryjy himiýa alymlarynyň halkara eminleri tarapyndan düzülýär.

Aýjemal GURBANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.