Hytaýyň Çženszýan welaýatynyň Iu şäherinden ýola çykan ýük otlusy 11 müň kilometr töweregi ýol geçip Çeh Respublikasynyň Praga şäherine barar. Birnäçe ýurduň çäginden geçip gitjek otly 94 konteýneri çekýär. Otlynyň 15 günden soňra Praga barmagyna garaşylýar. Otlynyň esasy ýüküniň oýnawaçlardygy mälim edildi. Soňky ýyllarda Hytaý bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan demir ýol gatnawlary has hem ýygjamlaşdy. Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýyň günorta çetindäki Iu şäherinden Ýewropa 314 otlynyň hereket edendigi mälim edildi. Bu demir ýol ugry Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna haryt eksport edilýän esasy ýollaryň birine öwrüldi.