20-nji iýulda Birleşen Arap emirlikleriniň “Hope” (Umyt) atly kosmos gämisi Mars planetasyna uçurylypdy. Şondan üç gün soňra Hytaý hem Marsy öwrenmek maksady bilen ilkinji gözleg gämisini Gyzyl planeta iberdi. “Tianwen-1” atly gäminiň 7 aýda 55 million kilometr ýol geçip, Marsa barmagyna garaşylýar. Uçurylan enjamlar esasy iki bölekden ybarat bolup, olaryň biri Gyzyl planetanyň orbitasynda aýlanar, beýlekisi onuň ýüzüne gonar. “Long March-5” raketasy arkaly uçurylan gämi 2021-nji ýylyň fewralynda bellenen menziline baryp ýeter. Kosmos gämisiniň uçurylandan 45 minutdan soňra Ýeriň orbitasyna – Marsa tarap ugur aljak ýerine baryp ýetendigi mälim edildi.

Hytaýyň kosmos bilen bagly başga maksatnamalary hem durmuşa geçirýär. Bu ýurt 2023-nji ýyla çenli Ýeriň orbitasynda üç kapsuladan emele gelen kosmos bekedini gurmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Ýeriň orbitasyndaky adamly ýeke-täk bekediň ulanyş möhleti uzaldylmadyk ýagdaýynda 2024-nji ýylda tamamlanýar. Kosmos maksatnamasyny 1956-njy ýylda durmuşa geçirip başlan ýurt ilkinji emeli hemrasyny 1970-nji ýylda uçurypdy.  Ýurt 2025-nji ýyla çenli Aýyň ýüzünde obserwatoriýa gurmagy maksat edinýär.