Türkmenistanyň irki içgi öndürijilerinden biri bolan “Arçalyk” witamin içgi bazaryna girdi. 23 ýyllyk brendiň “Bark” haryt nyşanly witamin içgileri iýul aýynyň ikinji ýarymynda ýerli bazara ýaýradylmaga başlandy. Kompaniýa täze önüm barada 12-nji iýulda instagram akkaundynda mälim edipdi.
Ýewropa Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝÖTB) hem 30-njy iýunda öz twitter hasabyndan “Arçalyk”-yň tomus aýlarynda täze önümlerini goýberjekdigini aýdypdy. “Arçalyk”-yň täze logosy bilen tekjelerde ýerini alan täze içgi Türkmenistandaky witamin içgi bazarynda meşhur bolan gara reňkli plastik çüýşelerde öndürilýär. Ýakynda “Arçalyk”-yň beýleki önümleriniň hem täze gaplarda çykarmagyna garaşylýar.
1997-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa “Arçalyk” agyz suwuny we alkogolsuz içgileriň 15 görnüşini öndürýär.