Hormatly Prezidentimiz dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda säher bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy. Bu pursatda, milli Liderimiziň ýanynda Pälwan atly edermen alabaý boldy. Alabaý itleriniň dag-derelerde gezelenç etdirilmeginiň olaryň tohumlyk häsiýetleriniň has-da berkemegine ýardam berýändigini türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän durmuş tejribesi subut etdi. Edermen türkmen alabaýlary, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

2019-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de il­kin­ji ýö­ri­te­leş­di­ri­len mer­ke­ziň açyl­ma­gy ala­baý it­le­ri­niň gym­mat­ly to­hu­my­ny sak­la­mak, it­şy­nas­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ony ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň tä­ze­çil usul­la­ry­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne hä­zir­ki dö­wür­de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy.
Bu wa­ka hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp ala­baý it­le­ri­niň hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da we yk­ba­lyn­da eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da gür­rüň ber­ýän «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy­na ga­bat gel­di. Döwlet Baştutanymyz bu ese­rin­de ala­baý it­le­ri­niň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da türk­men­le­riň we­pa­ly hem­ra­sy bol­mak bi­len bir­lik­de, go­rag­çy­sy, kö­mek­çi­si, dos­ty hem-de ýol­da­şy bo­lup, he­mi­şe nus­ga­lyk eder­men­lik we çäk­siz we­pa­dar­lyk gör­ke­zen­dik­le­ri­ni ýaz­ýar. Şeý­le hä­si­ýet­le­ri bi­len yn­sa­nyň hem­ra­sy bo­lan bu it­ler hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­tin­de, sun­ga­tyn­da, ede­bi­ýa­tyn­da we halk dö­re­di­ji­li­gin­de, gün­de­lik dur­mu­şyn­da hor­mat­ly orun eýe­le­di.
Bu tä­ze bi­na­nyň açyl­ma­gy türk­men ala­baý­la­ry­na be­ril­ýän ün­süň ne­neň­si ýo­ka­ry de­re­je­de­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu bol­sa mil­li gym­mat­ly­gy­myz ha­sap­la­nyl­ýan ala­baý­la­ryň gel­jek­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne, my­na­syp de­re­je­de taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na, ola­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň ýe­ne-de bir aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ze­hin­li pe­der­le­ri­mi­ziň yh­la­sy bi­len ýe­tiş­di­ri­len ala­baý­la­ra soň­ky ýyl­lar­da uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, bu it­le­riň to­hum aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak we ös­dür­mek, şeý­le hem ola­ry kö­pelt­mek we dür­li ugur­lar bo­ýun­ça taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne wa­jyp äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men­ler we­pa­ly­ly­gy üçin ala­baý iti­ne he­mi­şe ýo­ka­ry ba­ha be­rip gel­di­ler. Türk­men ço­pan­la­ry­na mä­lim bol­şy ýa­ly, go­rag­çy hök­mün­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ala­baý öz eýe­si­ni, onuň öýü­ni, maş­ga­la­sy­ny, aý­ra­tyn-da ça­ga­la­ry­ny we­pa­ly­lyk bi­len go­rap­dyr.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Änew şä­he­rin­de düýp­gö­ter tä­ze des­ga­la­ryň – we­te­ri­nar be­je­riş­ha­na­sy­nyň hem-de öý jan­dar­la­ry­ny sak­la­mak üçin top­lu­myň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi türk­men ala­baý­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we ola­ry giň­den wa­gyz et­mä­ge, ki­no­lo­gi­ýa işi­ni we it­şy­nas­ly­gyň döw­re­bap ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len wa­jyp ädi­me öw­rül­di. Bi­ziň ala­baý­la­ry­myz dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­da go­rag it­le­riň to­hum­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­di­ler, şo­nuň üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ala­baý­la­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­ni hem ýi­tir­mez ýa­ly, ola­ry us­sat­lyk de­re­je­sin­de kö­pelt­mek ge­rek bo­lup dur­ýar.
Şeý­le mer­kez­le­riň gu­rul­ma­gy türk­men hal­ky­nyň te­bi­ga­ta örän aýaw­ly çe­me­leş­ýän­di­gi­ni, daş­ky gur­şaw bi­len saz­la­şyk­ly he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ri­lip, hal­ky­my­zyň aňyn­da pug­ta orun eýe­le­di we hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze maz­mun bi­len onuň üs­ti ýe­ti­ril­di.
Bu yn­san­per­wer gym­mat­lyk­lar, milli Liderimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Bu sy­ýa­sat bio­köp­dür­lü­li­gi, eziz Di­ýa­ry­my­zyň tä­sin ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­ra­ma­ga, te­bi­gy se­riş­de­le­ri oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­ma­ga, onuň gö­zel­li­gi­ni gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Türk­men top­ra­gyn­da ke­ma­la ge­len ala­baý­la­ra soň­ky ýyl­lar­da uly gy­zyk­lan­ma­nyň art­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şah­sy ga­ra­ýyş­la­ry bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Öz­bo­luş­ly to­hum it­le­ri­niň kö­pa­syr­lyk şan-şöh­ra­ty bar­ha beý­ge­lip, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­de türk­men ala­baý­la­ry­nyň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny kö­pel­ýär. Şeý­le­lik­de, «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­na ag­za bol­ma­ga hö­wes bil­dir­ýän­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny, aý­ra­tyn-da, dün­ýä­niň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da ala­baý it­le­ri bi­len gy­zyk­lan­ýan hü­när­men­le­riň, it­şy­nas­la­ryň bu as­so­sia­si­ýa ag­za bol­mak üçin gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni na­za­ra ala­nyň­da, gu­ra­ma ýa­kyn wagt­da hal­ka­ra de­re­je­si­niň be­ril­jek­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.
As­so­sia­si­ýa­nyň ag­za­la­ry milli Liderimize ýe­ne bir ge­zek ho­şal­lyk duý­gu­la­ry­ny be­ýan edip, türk­men ala­baý­la­ry­nyň to­hu­my­nyň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­ma­ga hem-de tä­ze ugur­la­ry­ny dö­ret­mä­ge we sa­ny­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len yl­my-seç­gi­çi­lik işi­ni mak­sa­da­la­ýyk alyp bar­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­dy­lar. Şeý­le hem «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we­la­ýat­la­ryň bö­lüm­le­ri­niň ýa­nyn­da şu­nuň ýa­ly we­te­ri­nar top­lum­la­ry gur­mak üçin ola­ryň tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di.
Mun­dan baş­ga-da, döwlet Baştutanymyzyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­lar­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ala­baý it­le­ri­niň to­hum­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň, şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da bi­na edil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan türk­men ala­baý it­le­ri­niň bäs­le­şik mer­ke­zi­niň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­lan­dy.
Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň we­pa­ly syr­da­şy we mil­li buý­san­jy ha­sap­la­nyl­ýan ala­baý it­le­ri ha­kyn­da edil­ýän ala­da­nyň tu­tuş ýurt möç­be­rin­de özü­niň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Ala­baý hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ede­bi dö­re­di­ji­li­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Şeý­le­lik­de, ba­har pas­ly­nyň aja­ýyp pur­sat­la­ryn­da milli Liderimiz özü­ne sow­gat ber­len Päl­wan at­ly ala­baý gü­jü­gi­ne şu aşak­da­ky şa­hy­ra­na se­tir­le­ri ba­gyş­la­dy.
«Päl­wan­syň sen, ala­ba­ýym,
Eder­men­siň sen, ala­ba­ýym.
Ge­rek bol­sa ger­çek­siň sen, ala­ba­ýym,
Türk­men mil­le­ti­niň buý­san­jy­syň sen,
ala­ba­ýym».
Mil­li Li­de­ri­miz özü­niň şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gi bi­len ala­baý­la­ryň gaý­duw­syz­ly­gy­ny we eder­men­li­gi­ni wasp edip, ola­ry mil­le­tiň buý­san­jy we gym­ma­ty ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len bir ha­tar­da gör­ýär.
Ýur­du­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň her ýyl­da hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na hal­ka­ra de­re­je­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä meş­hur ala­baý to­hu­myn­da­ky it­le­riň ba­şar­ny­gy­ny, öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­ny we gö­ze ge­lüw­li­li­gi­ni açyp gör­kez­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li bäs­le­şi­gi ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Türk­men ala­ba­ýy hal­ky­my­zyň me­de­ni gym­mat­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup, ony aýaw­ly sak­lap, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek mu­kad­des borç bo­lup dur­ýar. Hal­ky­my­zyň aja­ýyp be­dew­le­re we ala­baý­la­ra bo­lan söý­gü­si­ni ýü­re­gi bi­len duý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­bi­ga­tyň peş­ge­şi bo­lan bu gym­mat­lyk­la­ra aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýar we olar bi­len du­şuş­ma­ga wagt tap­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz «Türk­men ala­baý it­le­ri» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän Päl­wan at­ly ala­baý iti bi­len Kö­pet­da­gyň aja­ýyp kün­jek­le­rin­de ge­ze­lenç et­di. Türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan kö­pa­syr­lyk mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da, ala­baý it­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de ola­ryň ge­zim et­di­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, mu­nuň özi ala­baý it­le­ri­niň öz eýe­si­ne bo­lan we­pa­sy­ny art­dyr­ýar.

Bi­le­lik­de ge­ze­lenç et­me­gi hem öz içi­ne al­ýan top­lum­la­ýyn esas­da ge­çi­ril­ýän iş­ler ne­ti­je­sin­de dün­ýä­de gaý­duw­syz, eder­men, şol bir wag­tyň özün­de we­pa­ly, go­ýun sü­rü­le­ri­ni we em­lä­gi go­ra­ma­ga ukyp­ly it­ler hök­mün­de dün­ýä­de yk­rar edi­len ala­baý ke­ma­la gel­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, ser­het gul­lu­gyn­da ala­baý it­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy, ola­ryň em­lä­gi bol­şy ýa­ly, ser­he­di go­ra­mak­da, yz çal­mak­da aý­ra­tyn ukyp­ly­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men hal­ky te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da we saz­la­şyk­da ýa­şa­mak­ly­gy, halk seç­gi­çi­li­gi­niň ha­ky­ky aja­ýyp­ly­gy­ny dün­ýä äş­gär edip­dir. Mu­nuň özi şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň dö­ret­mek ze­hi­ni­niň örän aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Türk­men ala­baý­la­ry hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rül­mek bi­len bir ha­tar­da, olar ýur­du­my­zyň we onuň hal­ky­nyň umu­my ta­ry­hy-me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar­lar. Mu­nuň özi gaý­duw­syz, eder­men we ju­da we­pa­ly ala­baý­la­ryň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gin­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.
Hut şo­nuň üçin hem ala­baý it­le­ri­niň bu gym­mat­ly hä­si­ýet­le­ri­ni sak­la­mak, ös­dür­mek, ola­ry kö­pelt­me­giň tej­ri­be­le­ri­ni öw­ren­mek we umu­my­laş­dyr­mak, bu ugur­da tej­ri­be alyş­mak hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Kö­pa­syr­lyk däp­le­re da­ýan­mak bol­sa ala­baý it­le­ri­niň to­hum aras­sa­ly­gy­ny sak­la­ma­ga, ola­ryň beý­le­ki to­hum­da­ky it­ler­den ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär.
Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de dün­ýä­de meş­hur bo­lan türk­men ala­ba­ýy­nyň heý­ke­li­ni oturt­mak ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi türk­men hal­ky­nyň we­pa­ly syr­da­şy ha­sap­la­nyl­ýan ala­ba­ýyň hor­ma­ty­nyň be­lent tu­tul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz özü­niň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly ki­ta­byn­da: «Ala­baý – bi­ziň mil­li buý­san­jy­myz. Ala­baý – bi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň baý­ly­gy. Ol bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­ly­gy. Ony go­rap sak­la­mak, äh­li aja­ýyp­ly­gy bi­len gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bi­ziň bor­ju­myz» di­ýip nyg­ta­ýar. Hormat­ly Prezi­den­ti­miz ala­ba­ýyň saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gi­ni, onuň be­den gur­lu­şy­nyň türk­men ala­ba­ýy­na mah­sus­dy­gy­ny gu­wanç bi­len bel­le­di. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da uly ga­dyr go­ýul­ýan ala­baý to­hu­myn­da­ky it­le­riň hä­si­ýet­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sydyr .