2020-nji ýy­lyň 22-nji iýu­lyn­da Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da (Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy) ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­da BSG-niň Baş ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň bu ab­raý­ly gu­ra­ma syn­çy­nyň de­re­je­si­ni al­ma­ga bo­lan sar­gy­dy­na ga­ral­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça türk­men ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň BMG-niň Že­ne­wa­da­ky bö­lü­mi­niň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li, şeý­le hem ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri mej­li­siň on­laýn gör­nü­şin­de wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy­lar.
Baş ge­ňe­şiň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň BSG go­şul­mak ýag­da­ýy­nyň çeş­me­le­ri, hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan tä­ze­çil­lik sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da mag­lu­mat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, on­da 2020–2025-nji ýyl­la­ra ni­ýet­le­nen de­giş­li Mak­sat­na­ma mö­hüm res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­my­zyň BSG-niň syn­çy­sy de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni, da­şa­ry söw­da gat­na­şyk­la­ryn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni, köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ni, da­şa­ry ýurt ma­ýa se­riş­de­le­ri­niň çe­kil­me­gi­ni şert­len­di­rer. Şeý­le hem bu de­re­je gel­je­gi uly tä­jir­çi­lik we söw­da stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da, ola­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de äh­mi­ýet­li bo­lar.
BSG-niň Baş ge­ňe­şi­ne gat­na­şy­jy döw­let­le­riň we­kil­le­ri­niň tek­li­bi ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryn­dan soň, Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na syn­çy­nyň de­re­je­si­ni ber­mek ha­kyn­da­ky çöz­güt bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BSG-niň äh­li ag­za­la­ry­nyň ara­syn­da söw­da­nyň düz­gün­le­ri­ni ka­da­laş­dyr­ýan ýe­ke-täk äh­lu­mu­my hal­ka­ra gu­ra­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Dün­ýä­niň köp­ san­ly döw­let­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gol çe­ki­len we tas­syk­la­nan yla­la­şyk­lar onuň esa­sy­ny düz­ýär.
BSG-niň düz­gün­na­ma­sy söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy iş­läp taý­ýar­la­mak we ony iş ýü­zün­de ulan­mak üçin mö­hüm çel­gi bo­lup dur­ýar. Gu­ra­ma­nyň baş mak­sa­dy ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da dur­nuk­ly, aý­dyň we er­kin söw­da akym­la­ry­ny ýo­la goý­mak­dan yba­rat­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň 164 ýur­dy BSG-niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Döw­let­le­riň bir­nä­çe­si syn­çy de­re­je­si­ne eýe­dir. Türk­me­nis­tan syn­çy de­re­je­si­ne eýe bo­lan 25-nji döw­let­dir.
Şol bir wag­tyň özün­de mu­nuň özi dün­ýä­niň önüm­çi­lik, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni ösüş gat­na­şyk­la­ry­na go­şul­ma­gy­ny, işe­wür­lik gur­şa­wy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni we bäs­deş­li­giň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ni üp­jün eder.
Syn­çy­nyň de­re­je­si BSG-niň ge­çir­ýän res­mi çä­re­le­ri­ne gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär we onuň esa­sy res­mi­na­ma­la­ry­na, şeý­le hem bu gu­ra­ma­nyň söw­da me­se­le­le­ri bo­ýun­ça teh­ni­ki gol­daw mak­sat­na­ma­sy­na el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün ed­ýär.
Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bu de­re­jä­ni al­ma­gy üçin ägirt uly mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li.
Hu­su­san-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çen ýyl «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da BSG-ni da­şar­ky ba­zar­lar bi­len ne­ti­je­li söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak üçin esa­sy hal­ka­ra meý­dan­ça­la­ry­ň bi­ri hök­mün­de tas­syk­la­dy. Ol ýa­ra­maz tä­si­ri bo­lan bäs­le­şik­den go­ra­gy üp­jün ed­ýär we anyk, aý­dyň ýag­daý­lar­da iş­le­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, «Türk­me­nis­tan we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r: pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­lyk» ady bi­len şu ýy­lyň 14-nji ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ab­raý­ly ma­li­ýe dü­züm­le­ri, şol san­da BSG bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na gir­me­giň düz­gün­le­ri­ni we ýag­daý­la­ry­ny öw­ren­mek iş­le­ri­ni güýç­len­dir­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň BSG-ä go­şul­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça 2013-nji ýy­lyň 24-nji ýan­wa­ryn­da de­giş­li Hö­kü­met to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len baş­lan­dy. Şu döw­rüň do­wa­myn­da ol Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän BSG bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry­na ga­ra­dy we beý­le­ki bu gu­ra­ma go­şu­lan ýurt­la­ryň tej­ri­be­le­ri­ni, gu­ra­ma gat­naş­mak üçin ta­lap edil­ýän köp­ta­rap­ly söw­da yla­la­şyk­la­ry­ny we baş­ga-da köp me­se­le­le­ri öw­ren­di.
Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan çä­re­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek hem-de oňa tä­ze iter­gi ber­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2019-njy ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da Hö­kü­met to­pa­ry­nyň dü­zü­mi tä­ze­le­nip, oňa ýur­du­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ne jo­gap ber­ýän esa­sy eda­ra­lar gi­ri­zil­di.
Ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da BSG bi­len gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de dür­li de­re­je­dä­ki bir­nä­çe çä­re­ler, şol san­da 2016-njy ýy­lyň maý aýyn­da Aş­ga­bat­da gu­ra­lan «Mer­ke­zi Azi­ýa we köp­ta­rap­ly söw­da ul­ga­my» at­ly ýo­ka­ry de­re­je­li fo­rum we beý­le­ki­ler, şeý­le hem ugur­daş mas­la­hat­lar we du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýö­ri­te yl­my-bar­lag iş­le­ri hem taý­ýar­lan­dy.
2019-njy ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da Hö­kü­met to­pa­ry­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­na syn­çy­nyň de­re­je­si­ni al­mak ar­ka­ly BSG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň iş­jeň tap­gy­ry­na geç­me­giň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy.
Ge­çen ýy­lyň aw­gust aýyn­da Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na, onuň öň ýa­nyn­da BSG-ä gir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mil­li okuw mas­la­ha­ty­na, şeý­le hem türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri bi­len gu­ra­lan iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ra gat­naş­dy.
2019-njy ýy­lyň 28-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ri­len Hö­kü­met to­pa­ry­nyň ikin­ji mej­li­sin­de BSG bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça gel­jek­ki anyk he­re­ket­ler ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di.
Şu ýy­lyň ap­rel we maý aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len onuň üçün­ji we dör­dün­ji mej­lis­le­ri­niň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň BSG-ä syn­çy de­re­je­sin­de gat­naş­ma­gy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi­ne ýar­dam et­jek­di­gi ba­ra­da­ky ne­ti­je­na­ma çy­ka­ryl­dy.
2020-nji ýy­lyň 15-nji ma­ýyn­da hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na syn­çy hök­mün­de go­şu­lyş­ma­gy ha­kyn­da tek­li­bi ma­kul­lap, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, türk­men ta­ra­py BSG-niň Baş di­rek­to­ry­nyň ady­na de­giş­li ha­ty, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň hem-de da­şa­ry söw­da ýag­da­ýy­nyň sy­ny­ny iber­di.
Ýo­kar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 22-nji iýul­da Že­ne­wa­da Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da bu gu­ra­ma­nyň Baş ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň ýüz­len­me ha­ty­na ga­ral­dy hem-de Türk­me­nis­ta­na BSG-de syn­çy de­re­je­si­niň be­ril­ýän­di­gi ha­kyn­da çöz­güt bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan 2020–2025-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy BSG bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne goş­ma­ça gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Eme­le ge­len bir­nä­çe şert­ler ýur­du­my­zyň BSG-ä go­şu­lyş­ma­gy­nyň mak­sa­da la­ýyk­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň işi­ne syn­çy hök­mün­de gat­na­şyl­ma­gy Türk­me­nis­tan­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de ýo­ka­ry hal­ka­ra de­re­je­­de hem-de umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da tas­syk­la­nyl­ýar.
Bu de­re­je ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňel­der hem-de döw­le­ti­miz­de ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä ba­za­ryn­da ola­ry iş­jeň iler­let­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­re­der.
Mu­nuň özi şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra söw­da we yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­ge ne­ti­je­li go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam be­rer.
Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň BSG-niň işi­ne gö­nü­den-gö­ni gat­naş­ma­gy yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, söw­da, ma­ýa go­ýum ugur­ly esa­sy hal­ka­ra dü­züm­le­r bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň mö­hüm şer­ti­ne öw­rü­ler.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň çe­kil­me­gi­ne hem-de söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň BSG-ä go­şu­lyş­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň ma­ýa­dar­la­ry hem-de söw­da hyz­mat­daş­la­ry üçin ke­pil­lik­le­ri we aýan­ly­gy üp­jün eder. Şeý­le hem Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na go­şu­lyş­ma­gy Türk­me­nis­ta­na tä­jir­çi­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öz or­nu­ny öňe iler­let­mä­ge hem-de ola­ryň çöz­gü­di­ni tiz­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Şeý­le­lik­de, BSG-niň syn­çy­sy de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ň hä­zir­ki za­man ul­ga­myn­da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, düýp­li öz­gert­me­ler we ösüş ýo­lun­da Di­ýa­ry­my­zyň üs­tün­lik­li öňe git­me­gin­de tä­ze ne­ti­je­li ädim bo­lar.
(TDH).