Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini toplumlaýyn ösdürmek, sanly ulgamy halk hojalygynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Halk hojalygyny, ýagny ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak – döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi. Şu ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu toparyň esasy wezipesi öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde çözmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentligini degişli ygtyýarly edara hökmünde kesgitledi. Şeýlelikde, diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy.
Sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň banklarynda hyzmatyň gerimi giňeldilýär. Halkymyza dürli eýeçilige degişli birnäçe banklar, milli «Altyn asyr» we «Milli kart» bank kartlary, VISA, «MasterCard» halkara töleg kartlary ulgamlary hyzmat edýär. Şeýle-de, ähli ulgamda sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy bilen nagt däl hasaplaşyklar ýola goýulýar, «Internet bank», «Mobilbank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly hyzmatlar hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy.
Başlangyjy 1-nji sahypada.
Köp sanly halkara derejesindäki ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Olaryň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe guramalary bar. Bu iri halkara maliýe guramalarynyň aglabasyny ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalaryna çekmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň hem goşandy uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak babatda alyp barýan syýasatynyň netijesinde bu pudagyň wekilleri dürli derejedäki önümçilikleri giňden ýola goýýarlar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler. TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýylynyň dowamynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilip, ol döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylýandygyna we onuň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligi durnukly ösüşini saklap galyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň 66 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşýär. Diňe şu ýylyň başyndan bäri döwlete dahylsyz pudagyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini 18,9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişini bolsa, 28,7 göterim artdyrdylar. Hususy pudagyň wekilleri ýurdumyzda iri hem-de köp milliardlyk taslamalary durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda Türkmenabat-Aşgabat awtobanyny, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, üstümizdäki ýylda hem telekeçilere täze iri önümçilik desgalarynyň gurluşygy ynanyldy. Muňa mysal hökmünde, hususy pudagyň wekillerine ynanylan Bäherdendäki we Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Hususy işewürçilik wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, ilatyň ekologiýa taýdan arassa, dürli görnüşli azyk we witaminli önümlerini öndürmegi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirmegi dowam edýärler.
Şeýlelikde, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda, senagatlaşdyrmakda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikde gazanylýan ösüşler milli ykdysadyýetimiziň has-da okgunly ösmegine ähli mümkinçilikler döredýär.
Gülşat Akyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
uly mugallymy,
Oguljemal Ussaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.