ABŞ-nyň dünýä belli «General Motors» kompaniýasy «Chevrolet» brendli hereketlendirijisi elektrik togy bilen işleýän ulagyň önümçiligine başlamagy maksat edinýär. Bu ulagyň birnäçe ýyldan satuwa çykaryljakdygy mälim edilýär. Bu awtoulagyň esasy aýratynlyklaryndan biri hem bir gezek berlen zarýady bilen uzak aralygy geçmegidir. Onuň batareýasynyň güýji 640 kilometr menzil aşmaga mümkinçilik berjekdigi aýdylýar. Bu görkezijiniň uly we agyr awtoulaglar üçin örän oňat görkeziji boljakdygy bellenilýär.
Häzirki wagtda ABŞ-da elektrik togy bilen işleýän ilkinji pikap görnüşli ulagyň önümçiliginde bäsdeşlik dowam edýär. «General Motors» kompaniýasynyň bu ugurdaky esasy bäsdeşleri «Ford» (F-150 elektrik ulagy taýýarlaýar) hem-de «Rivian» kompaniýalarydyr. «Rivian» kompaniýasynyň ilkinji bolup, ekologiýa taýdan arassa ulagy satuwa çykarjakdygy hem aýdylýar. Bu kompaniýa 2018-nji ýylyň güýzünde Los-Anjeles şäherindäki awtoulag sergisinde elektroulaglaryny görkezipdi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň wekilleri şeýle ulaglary öndürmekde maýa goýum babatda goşant goşýan başga kompaniýalaryň hem bardygyny mälim edýär.