Mars planetasy boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýän ýurtlaryň hem-de kosmos agentlikleriniň sany yzygiderli artýar. Birleşen Arap Emirliklerinden soňra Hytaý Halk Respublikasy hem ilkinji marsohodyny bu planeta uçurdy. Bu kosmos enjamy Gyzyl planeta 7 aýdan soňra, 55 million kilometr menzil aşyp, 2021-nji ýylyň fewral aýynda barar.
23-nji iýulda Hytaýyň «Týanwen-1» marsohody Wençan kosmodromundan «Çançžen-5» raketa göterijisi arkaly kosmos giňişligine uçuryldy. Uçurylandan takmynan 36 minutdan soňra raketa görkezilen orbita girdi. Marsohoduň agramy 5 tonna barabardyr.
«Týanwen-1» marsohody 13 sany ylmy gural bilen enjamlaşdyrylandyr. Orbital modulda ortaça durulygy (100 metre çenli) gözleg üçin kamera, ýokary durulykdaky (0,5 metre çenli) multispektral kamera, topragyň ýerasty gurluşyny öwrenmek üçin radar, ýer üstüniň mineral düzümini öwrenmek üçin spektrometr, magnit aýratynlyklaryny ölçemek üçin magnitometr bar. Marsohodda 3D ölçegli we ýokary durulykdaky topografiki kamera oturdylypdyr. Bu marsohoduň wezipesi Marsyň topragynyň düzümini, atmosferasynyň we howa şertleriniň aýratynlyklaryny öwrenmek, şeýle hem suw we durmuş yzlaryny gözlemekden ybaratdyr.
Hytaýyň Mars planetasy baradaky ylmy-barlaglary bu marsohod bilen çäklendirilmeýär. 2023-nji ýyla çenli orbitada üç kapsuladan ybarat adamly kosmos stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Hytaý kosmos giňişligini öwrenmek babatdaky ylmy-barlaglaryny 1956-njy ýylda ýola goýdy. 1970-nji ýylda ilkinji emeli hemrasyny uçurdy. Şondan bäri bu ugurdaky işleriniň gerimini has-da giňelden Hytaý kosmos giňişligini öwrenmek üçin giň gerimli maksatnamalary amala aşyrýar. 2050-nji ýyla çenli Mars planetasyna kosmonawtly kosmos enjamyny ibermek maksat edinilýär.