Astrofizikler älemiň iň uly üç ölçegli kartasyny döretdiler. Täze kartada 2 million galaktika orun aldy. Bu ugurda «eBOSS» halkara taslamasy işlenip düzüldi. Şol taslama gatnaşyjy fizikler üç ölçegli (3D) kartany döretdiler. Ol hem kosmosyň taryhyny has gowy düşündirmäge kömek edýän taslama bolup hyzmat eder. Bu karta iki milliondan gowrak galaktikany we Ýerden 11 milliard ýagtylyk ýyly aralygy öz içine alýar.
«eBOSS» halkara taslamasy (giňeldilen Barýon yrgyldama spektroskopiki gözleg) – SDSS (Sloan Digital Sky Survey) halkara ylmy-barlag taslamasynyň bir bölegidir. Bu taslamanyň çäklerinde astrofizikler Apaçi-Point obserwatoriýasynyň (Nýu-Meksiko, ABŞ) gurallaryny ulanyp, älem giňişligini öwrenýärler. Soňky dört ýylyň dowamynda astronomlar bu ylmy-barlagyň netijesinde, karta iki esse köp galaktikany goşdular. Alymlaryň bu maglumatlarynyň esasynda älem giňişligini öwrenmek has-da aňsatlaşýar.