Dün­ýä bel­li «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­li­ge eýe bo­lan kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, de­giş­li döw­re çen­li uly möç­ber­ler­de ma­ýa go­ýum­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. «App­le» öňü­miz­dä­ki 10 ýyl­da ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry­ny 75% azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär. «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýyl­da ekologiýa taý­dan aras­sa kompaniýa bol­mak mak­sa­dy bi­len gaý­ta­dan iş­le­mek ug­ru­ny ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Kom­pa­ni­ýa daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da «Im­pact Accele­ra­tor» prog­ram­ma­sy­ny dö­re­der.
Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­si önüm­çi­lik­ desgalarynda ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň möç­be­ri­ni 75 % azalt­mak­dan yba­rat­dyr. Mu­nuň üçin gaý­ta­dan iş­le­nen ma­te­ri­al­la­ryň ula­nyl­ma­gy­na has köp äh­mi­ýet ber­ler. Ga­lyn­dy­la­ry ara­dan aýyr­mak, elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­ni iň pe­s de­re­je­de sak­la­mak üçin in­no­wa­si­ýa­lar or­naş­dy­ry­lar.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa Af­ri­ka­da we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da to­kaý­la­ryň tä­ze­den di­kel­dil­me­gi ba­bat­da eko­lo­gi­ýa gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk eder.
– Dün­ýä­dä­ki kär­ha­na­lar pla­ne­ta­nyň ala­da­syny et­mek bi­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­re eýe. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň esa­syn­da tä­ze­çil in­no­wa­si­ýa­lar ýa­tyr. Ol hem eý­ýäm ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek ed­ýän köp san­ly en­jam­la­ry dö­ret­mä­ge şert dö­ret­di – di­ýip, kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Tim Kuk bel­läp geç­di.