Äh­li fut­bol muş­da­gy­ny iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri bel­li bol­dy. Umu­my­lyk­da 62-nji, UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady bi­len ge­çi­ri­lip baş­la­na­ny bä­ri-de 25-nji möw­sü­mi bo­lan ýa­ry­şyň pen­şen­be gü­ni Mon­te Kar­lo­da ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na fut­bo­lyň öň­ki-soň­ky ýyl­dyz­la­ry bi­len bir ha­tar­da, UEFA-nyň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki adam­lar gat­naş­dy­lar. Adat­ça bol­şy ýa­ly, 32 klub 8 to­par­ça paý­lan­dy.
Çe­ki­len bi­je­den soň, kä­bir klub­lar ge­çen ýy­lam du­şu­şan gar­şy­daş­la­ry bi­len ýe­ne-de bir to­par­ça düş­di. Kä­bir oýun­çy­dyr tä­lim­çi­ler öz­le­ri­niň öň­ki klub­la­ry­nyň gar­şy­sy­na du­şu­şyk ge­çir­me­li bo­lar.
Gys­ga­ça to­par­ça­lar ba­ra­da aýt­sak, “A” to­par­ça­da PSŽ bi­len “Ar­se­nal” esa­sy fa­wo­rit bo­lup, olar “Ba­zel” hem-de “Lu­do­go­res” to­par­la­ry bi­len bi­je çe­kiş­di. “Ar­se­na­lyň” bas­syr 19-njy ge­zek gat­naş­ýan­dy­gy­ny ýat­la­da­lyň. De­ňe­çer­räk klub­lar “B” to­par­ça dü­şüp, olar “Ben­fi­ka”, “Na­po­li”, “Di­na­mo Ki­ýew” hem-de “Be­şik­taş” to­par­la­ry­dyr. “C” to­par­ça­da Pep Gu­ar­dio­la ýe­ne bir ýo­la öň­ki klu­bu­nyň gar­şy­sy­na çy­kyş eder. Bu to­par­ça­ny “Bar­se­lo­na”, “Man­çes­ter Si­ti”, “Bo­rus­sia M.” hem-de “Sel­tik” to­par­la­ry düz­ýär. “D” to­par­ça­da li­ga­nyň deb­ýu­tan­ty “Ros­tow” bo­lup, ol bi­ri-bi­rin­den güýç­li klub­lar bi­le bi­je atyş­dy. Rus to­pa­ry “Ba­wa­ri­ýa­dyr” “At­le­ti­ko Mad­rid” (iki­si ge­çen möw­süm­de ýa­rym fi­nal­da du­şu­şyp­dy) hem-de “Aýaks­dan” soň, ýe­ne bir gol­land to­pa­ry PSW bi­len bir to­par­ça düş­di. Or­ta­tap to­par­la­ryň to­par­ça­sy diý­lip gör­ke­zil­ýän “E” to­par­ça­da Mosk­wa­nyň SSKA-sy, “Ba­ýer”, “Tot­ten­ham” hem-de “Mo­na­ko” klub­la­ry öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” bu ýeň­şi­ni gaý­ta­la­mak is­le­ýän bol­sa, ýa-da baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ku­bo­gy yz­ly-yzy­na 2 ge­zek alan il­kin­ji to­par ady­ny al­mak üçin, il­ki bi­len, “F” to­par­ça­da­ky gar­şy­daş­la­ryn­dan – “Bo­rus­sia Dort­mund”, “Spor­ting” hem-de “Le­gia War­şa­wa” klub­la­ryn­dan öňe saý­lan­ma­ly bo­lar. Bu toparçada “Re­al Mad­ri­diň” su­per ýyl­dy­zy Ro­nal­do­nyň kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji klu­bu­nyň gar­şy­sy­na çy­kyş et­jek­di­gi hem aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ry­ny ýat­lad­ýan “G” to­par­ça­da deb­ýu­tant “Les­ter Si­ti”, “Por­to”, “Klub Brýug­ge” hem-de “Ko­pen­ga­gen” klub­la­ry du­şu­şar (iň ýe­ňil to­par­ça ha­sap­lan­ýar). “H” to­par­ça­da çem­pi­on­ly­ga ym­tyl­ýan Ýu­wen­tus, şol san­da Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň soň­ky 3 ýy­ly­nyň ýe­ňi­ji­si “Se­wil­ýa”, Fran­si­ýa­dan “Li­on” we hor­wat to­pa­ry “Di­na­mo Zag­reb” öza­ra güýç sy­na­ny­şar. “Ýu­wen­tus” bi­len “Se­wil­ýa” ge­çen möw­süm­de-de bir to­par­ça dü­şüp­di we her to­par öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy (2–0, 0–1).
To­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar 13-nji sent­ýabr­da baş­lap, 7-nji de­kabr­da ta­mam­la­nar. Du­şu­şyk­lar şu ter­tip­de oý­na­lar: 1. 13–14-nji sent­ýabr, 2. 27–28-nji sent­ýabr, 3. 18–19-njy okt­ýabr, 4. 1–2-nji no­ýabr, 5. 22–23-nji no­ýabr, 6. 6–7-nji de­kabr.
* Soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid”, “Bar­se­lo­na” hem-de “Por­to” 21-nji ge­zek, “Ba­wa­ri­ýa” 20-nji sa­par UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş eder (1992-nji ýyl­dan bä­ri ha­sa­ba al­nan­da). Şol san­da, “Ar­se­nal” 19-njy, “Ýu­wen­tus” 17-nji, “Di­na­mo Ki­ýew” 16-njy, PSW 15-nji, “Li­on” 14-nji, “Ben­fi­ka” 12-nji, “Bo­rus­sia D.” bi­len “Ba­ýer” 11-nji, “Sel­tik­dir” PSŽ we SSKA klub­la­ry 9-njy, “At­le­ti­ko”, “Mo­na­ko”, “Spor­ting” we “Ba­zel” 7-nji, “Be­şik­taş”, “Man­çes­ter Si­ti” 6-njy, “Di­na­mo Z.” bi­len “Klub Brýug­ge” 5-nji, “Ko­pen­ga­gen”, “Se­wil­ýa” 4-nji, “Na­po­li” 3-nji, “Tot­ten­ham”, “Lu­do­go­res”, “Bo­rus­sia M.” we “Le­gia War­şa­wa” 2-nji ýo­la UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş eder. “Les­ter Si­ti” bi­len “Ros­tow” li­ga­nyň deb­ýu­tant klub­la­ry­dyr.
* “Re­al Mad­rid” bas­syr 20 möw­süm­den bä­ri gat­na­şyp gel­ýär we bu görkeziji re­kor­da deň­dir.
* Ang­li­ýa­nyň “Çel­si” klu­by bas­syr 13 möw­süm­den soň, bu ýyl Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­maz.
* Ita­li­ýa­nyň 2 güýç­li klu­by “Mi­lan­dyr” “In­ter” de­giş­li­lik­de, 3 we 4 möw­süm­den bä­ri Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň pe­te­gi­ni alyp bi­le­nok.