Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen­de Bagt mu­ze­ýi açyl­dy. «Wag­tyň geç­me­gi bi­len bagt dü­şün­je­si nä­hi­li ös­di?», «Bag­ty ha­ky­kat­da­nam öl­çäp bol­ýar­my?». Ine, şu we beý­le­ki so­wal­la­ra Da­ni­ýa­nyň tä­ze mu­ze­ýi­ne ge­len­ler jo­gap ta­par­lar. 240 ine­dö­rdül metr­den yba­rat bo­lan Bagt mu­ze­ýi dün­ýä­de şeý­le mu­zeý­le­riň il­kin­ji­si bol­dy. Ol Bagt yl­my-göz­leg ins­ti­tu­ty­nyň (Ins­ti­tut for Lyk­ke­forsk­ning) iş­gär­le­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len esas­lan­dy­ryl­dy. Mu­zeý Ko­pen­ga­ge­niň Ad­mi­ral­ga­da kö­çe­sin­de açyl­dy. Mu­ze­ýe gi­riş pe­te­gi­niň ba­ha­sy ulu­lar üçin 95 kron, ça­ga­lar we gar­ry­lar üçin 65 kron. Mu­ze­ýe Bagt göz­leg ins­ti­tu­ty­nyň baş di­rek­to­ry, Da­ni­ýa­nyň bagt me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da ki­tap­lar top­lu­my­nyň aw­to­ry, şol san­da, iň köp sa­ty­lan «Hyg­ge­niň ki­çi ki­ta­by: Da­ni­ýa­nyň bagt­ly dur­mu­şy­nyň syr­la­ry» ki­ta­by­nyň aw­to­ry Meýk Wi­king ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.
Mu­zeý in­te­rak­tiw bo­lup, myh­man­lar dür­li maşk­la­ra, şeý­le hem pi­kir sy­nag­la­ry­na gat­na­şar­lar. Eks­po­nat­la­ryň ara­syn­da dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­niň adam­la­ry ta­ra­pyn­dan mu­ze­ýe sow­gat edi­len dur­mu­şyň iň bagt­ly pur­sat­la­ry­ny ýat­lad­ýan «bag­tyň ar­te­fakt­la­ry» bar. Dün­ýä­niň iň bagt­ly ýurt­la­ry­nyň iň soň­ky reý­tin­gi­ne gö­rä, da­ni­ýa­ly­lar Finl­ýan­di­ýa­dan soň ikin­ji ýer­de dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, mu­zeý­de bag­tyň in­tel­lek­tu­al ugur­la­ry gör­ke­zi­ler. Şeý­le hem, tä­ze mu­zeý hal­ka­ra bagt ta­ry­hy­ny hö­dür­lär, bagt dü­şün­je­si bo­ýun­ça göz­leg­le­r ge­çi­ri­ler, myh­man­la­ry ýyl­gy­ryş ana­to­mi­ýa­sy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­r bi­len ta­nyş­dy­rar.
– Siz ni­re­de ýa­şa­ýan bol­sa­ňy­zam, bagt dü­şün­je­si bir­meň­zeş­dir – di­ýip, mu­ze­ýiň ýol­baş­çy­sy Wi­king aýt­dy.